Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI ýarag eksportyna kontrollygy güýçlendirmäge çagyrýar


Adam hukuklaryny goraýan “Amnesty International” guramasy parahat demonstrasiýaçylaryň garşysyna ulanylmazlygy üçin, ýarag eksportyna kontrollygy güýçlendirmäge dünýä liderlerini çagyrýar.

Bu beýannama guramanyň Afirika we Ýakyn Gündogar ýurtlaryndaky ýagdaý barada hasabat ýaýratmagy bilen baglydyr. Şol ýurtlarda hökümete garşy çykyşlar bolanda, aksiýalara gatnaşyjylary dargatmak üçin, olaryň garşysyna ýarag ulanylandygyny, şol ýaraglaryň protestçileriň talaplaryny açyk goldaýan ABŞ, Fransiýa ýaly ýurtlardan getirilendigini adam hukuklaryny goraýjylar belleýärler.

Adam hukuklaryny goraýjylar 2005-nji ýylda Müsüre, Liwiýa, Ýemene, Siriýa we Bahreýne berlen ýaraglar baradaky maglumatlara salgylanýarlar. Ýarag eksport edýän ýurtlaryň arasynda Orsýet, Germaniýa, Çehiýa we Bolgariýa bar.
XS
SM
MD
LG