Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Futbol janköýeriniň ölüminde kawkazly günäli tapyldy


Aslan Çerkesowyň janköýer Swiridowy bilkastlaýyn atyp öldürendigi aýdyldy.
Aslan Çerkesowyň janköýer Swiridowy bilkastlaýyn atyp öldürendigi aýdyldy.
Moskwanyň şäher sudunyň žýurisi çarşenbe güni alty sany demirgazyk kawkazlyny ors futbol janköýeri Ýegor Swiridowyň ölümi bilen ilteşiklilikde günäli tapdy. Bu höküm olara ýokary jezanyň berilmegine ýol açýar.

Demirgazyk kawkazlylaryň biri ors futbol janköýerini oýlanyşykly öldürenlikde günäli tapyldy. Ýegor Swiridowyň öten dekabrda öldürilmegi aşa milletçi ors ýaşlarynyň Kremliň golaýynda tertip-düzgüni bozup, pitne turuzmagyna getiripdi.

Žýuri Moskwanyň Spartak futbol klubynyň agzalary bilen alty sany demirgazyk kawkazly arasynda 2010-njy ýylyň 6-njy dekabrynda köçede turan dawada Aslan Çerkesowyň janköýer Swiridowy bilkastlaýyn atyp öldürendigini aýtdy.

12 agzadan ybarat oturdaşlar toparynyň 8-si Çerkesowa iş kesilmeli diýip ses berdiler. Onuň bilen suda çekilen beýleki bäş adam hem huligançylykda ýa-da Swiridowyň ölümi bilen baglanyşykly adamlary ýeňil ýaralanlykda günäli tapyldy.

Döwlet prokurory Mariýa Semenko žýuriniň höküminiň bu adamlara berk türme tussaglygynyň berilmegine ýol açandygyny aýtdy.

“Prokurorlyk žýuriniň höküminiň kanuny we düýpli esaslandyrylandygyna ynanýar. Aýyplanýan özüne bildirilýän aýyplamalaryň hemmesinde günäli tapyldy. Bu žýuriniň döwlet prokurorynyň garaýşy bilen ylalaşýandygyny, aýyplanýanyň geçirimlilige mynasyp däldigini aňladýar" diýip, Semenko aýdýar.

Suduň kararynyň 25-nji oktýabrda çykmagyna garaşylýar.

Moskwanyň şäher sudunyň sudýasy öz kararlaryna esas edinmekleri üçin oturdaşlara 29 sorag beripdi. Munuň iň möhümi Çerkesowyň Swiridowy bilkastlaýyn öldürip-öldürmänligidi.

Suda çekilenleriň aklawçylary olaryň adam öldürmek niýetiniň bolmandygyny, diňe dawanyň soňlanmagyny isländiklerini aýtdylar. Aklawçylar: “Beýlekileriň sany köp bolupdyr, bular diňe özlerini goramaga synanyşypdyrlar" diýdiler.

Çerkesowyň aklawçysy Dmitri Pankow prosesden soň milli telewideniýede: “Bu meniň müşderim üçin çynlakaý höküm. Bu dört oturdaşyň ony günäli tapmandygyny aňladýar. Beýleki sekiz oturdaş ony Ýegor Swiridowy öldürenlikde günäli tapdy. Bu höküm barada şikaýat suduna ýüz tutarys".

Ýeňil hökümiň çykarylmagy etniki çaknyşyklara getirer diýip, gorky edilipdi.

Ýegor Swiridowyň öldürilmegi öten dekabrda ors milletçileriniň Kremliň golaýyndaky Manež meýdanynda topalaň turuzmagyna getirdi. Turan etniki çaknyşyklarda ençeme adam ýaralandy.

Premýer-ministr Wladimir Putin ok atylan ýerde gül goýup, bu işi “tragediýa” diýip atlandyrdy.

Çarşenbe güni Moskwanyň şäher sudy 2008-nji ýylda Moskwada bir täjik immigrantyny öldüren üç sany aşa milletçini 17 ýyl bilen 24 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm etdi.

Şäher häkimiýetleri rugsat bermedik hem bolsa, aşa milletçiler özleriniň her ýyl geçirän “Ors marşyny” Moskwada 4-nji noýabrda geçirmekçi.
XS
SM
MD
LG