Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Siriýadaky ilçisini bu ýurtdan çykardy


Duşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet departamenti özüniň Siriýadaky ilçisini howpsuzlyk ýagdaýy bilen bagly aladalar sebäpli bu ýurtdan çykarandygyny mälim etdi.

Döwlet departamentiniň metbugat sekretarynyň orunbasary Mark Tonner amerikan ilçisi Robert Fordyň Siriýa gaýdyp barmak meselesiniň bu ýurtdaky howpsuzlyk ýagdaýyna bagly boljakdygyny aýtdy.

Şeýle hem, ol Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Siriýanyň režiminiň amerikan ilçisine garşy duşmançylygy öjükdirmek kampaniýasyny bes eder diýip umyt edýändigini-de nygtady.
XS
SM
MD
LG