Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaşsyzlykdan soňky Azerbaýjan barada söhbet


Azerbaýjan 18-nji oktýabrda garaşsyzlygynyň 20-nji ýyllygyny belledi.
Azerbaýjan 18-nji oktýabrda garaşsyzlygynyň 20-nji ýyllygyny belledi.

Öňki Sowet Soýuzyna girýän ýurtlaryň arasynda Azerbaýjan, iň hereketli ýurtlardan biri boldy. Ol 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny yglan eden badyna goňşusy Ermenistan bilen aralarynda çaknyşyklar başlanypdy.

Ondan bäri aradan 20 ýyl töweregi wagt geçdi. Eýse şol 20 ýylyň dowamynda ýurtda nähili özgerişler boldy? Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu mesele bilen gyzyklanyp, Birleşen Ştatlaryň Bakuwdaky ilçihanasynyň düýbüni tutan diplomat Robert Finn bilen söhbetdeş boldy.

Robert Finn 1992-nji ýylda Azerbaýjana baryp, Azerbaýjanyň garaşsyzlyk döwürlerinde bolan çaknyşyklary ýakyndan gören diplomatlardan biri.

Azatlyk Radiosy: Jenap Finn, siz 1992-nji ýylda Azerbaýjana barypdyňyz, şol wagtky Bakuwy bize suratlandyryp berip bilermisiňiz?

Robert Finn: Men 1992-nji ýylda Bakuwa baryp, şol ýerde Amerikanyň ilçihanasynyň düýbüni tutupdym. Şol döwürde Bakuwda ýagdaý juda erbetdi. Söweşler henizem dowam edýärdi, hökümetler yzly-yzyna çalşyp durdy. Her gün diýen ýaly protestler gurnalýardy. Men Bakuwda 3 ýarym ýyl boldum we şol döwürde 5 prezidentiň çalşanyna şaýat boldum. Hökümeti basyp alan öňki prezident häkimiýet başyndan aýryldy, soňra saýlawlar geçirilip Elçi Beý häkimiýet başyna geçdi.

Soňra Elçi Beý hem häkimiýetden çetleşdi, onuň ornuna wagtlaýynça täze ýolbaşçylar bellendiler, olaram häkimiýetden çekilenden soňra, Haýdar Alyýew ýurduň ýolbaşçylygyna bellendi. Ýurtda her gün diýen ýaly dartgynly wakalar bolup geçýärdi, azyk-iýmit tapmak juda kyndy, şertler gaty agyrdy.

Azatlyk Radiosy: Siz Elçi Beý bilen birinji gezek haçan duşuşdyňyz? Şol duşuşygyňyzda Elçi Beý sizde nähili täsir galdyrypdy?

Robert Finn: Men onuň bilen ýurda baran badyma duşuşypdym. Ol şol döwürlerde Azerbaýjanyň Milli mejlisiniň deputatydy. Soňra ençeme gezek duşuşdyk. Ol gylyk-häsiýet taýdan juda gowy adamdy. Emma ýolbaşçylyk sypaty gowşakdy. Elbetde, onuň töweregindäkilerem, hatda onuň hökümeti-de şeýledi. Ol mart aýynda parlamentde eden çykyşlarynyň birinde Azerbaýjanda demokratiýa düýpli ornaşmady, şonuň üçin iýun aýynda saýlanjak prezidentimiz bir ýyla galman häkimiýet başyndan çekiler diýipdi.

Elçi Beýiň özi muny bilmese-de, şol çykyşynda ol özi hakda gürrüň edipdi, sebäbi ol saýlawlarda üstünlik gazanyp, häkimiýet başyna geçensoň, bir ýyla galman häkimiýetden çekildi.

Azatlyk Radiosy: Elçi Beý ABŞ barada nämeleri bilýärdi hem-de nähili pikirleri bardy?

Robert Finn: Birleşen Ştatlar barada gowy pikirleri bardy, dost hem ýaran bolmak isleýärdi, ol bizden kömek sorady. Bilişiňiz ýaly, Azerbaýjan Orsýetiň, Eýranyň we Türkiýäniň arasynda ýerleşýän kiçijik bir ýurt.

Azatlyk Radiosy: Siz Elçi Beý bilen birinji gezek duşuşanyňyzda bir gün onuň prezident boljagyny çak edipmidiňiz?

Robert Finn: Umuman aýdylanda, çak edýärdim. Şol döwürlerde kommunistik hökümet gowşap başlapdy we onuň ornuna Elçi Beýiň häkimiýet başyna geçjekdigi aýan bolup ugrapdy.

Azatlyk Radiosy: Siz Azerbaýjanda 3 ýarym ýylyň dowamynda 5 hökümetiň çalşanlygyny gördüm diýdiňiz. Beýleki tarapdan Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda çaknyşyklar hem dowam edýärdi. Ýurduň sosial şertleriniň hem gowy däldigini aýtdyňyz. Şeýle ýagdaýda siz şol wagt Azerbaýjanyň geljegi barada näme pikir edýärdiňiz?

Robert Finn: Elbetde, Daglyk Garabag baradaky dartgynlylyk juda howply bir meseledi. Emma, umuman aýdylanda, ýagdaýlaryň gowy boljagyna umydymyz bardy. Sowet Soýuzy dargandan soňra erkinlilik bolup, ýurtda täze döwrüň başlanjagyna umyt baglanýardy.

Bilşiňiz ýaly, Azerbaýjan ummasyz ýerasty baýlyklara eýe bolan ýurt. Şonuň üçin gowy zatlaryň boljagyna umyt edýärdik. Elçi Beý juda pozitiw bir adamdy. Ol Bakuwy terk eden ermeniler bir ýyla galman yzlaryna dolanarlar diýýärdi.

Azatlyk Radiosy: Jenap Fin, Elçi Beý Azerbaýjanda ýerleşýän rus esgerleri bu ýurdy terk etmeli diýlen karary kabul eden ýolbaşçydyr. Bu karar barada ol Birleşen Ştatlar bilen maslahat etdimi?

Robert Finn: Elçi Beý juda milletçi bir adamdy. Ol öz döwründe Orsýete we Eýrana garşy käbir ädimleri ätdi. Ol ähli azerileriň bileleşmegi barada çykyş edýärdi. Onuň şeýle çykyşlary Azerbaýjanyň goňşularynyň arasynda negatiw täsir galdyrdy.

Şondan soňra ruslar Azerbaýjan bilen aradaky serhedini ýapdylar. Amerika şol wakalara goşulmady, sebäbi ol Azerbaýjany gyzyklandyrýan meseledi. Emma Elçi Beýiň şeýle syýasatynyň Azerbaýjanyň bähbidine tamamlanmajagyny hem gördük.

Azatlyk Radiosy: 1993-nji ýyllarda rus we ermeni harbylary Azerbaýjana çozanda, bu ýagdaýa Waşington nähili reaksiýa görkezipdi?

Robert Finn: Ermeniler Bakuwa barmadylar, emma olar Daglyk Garabagyň töwereginde ýerleşýän ýerleri basyp aldylar. Elbetde, bu wakalar Waşingtony alada goýýardy. Waşington näme etjegini bilmedi, sebäbi Amerikada, esasanam Kongresde ermenileriň täsiri juda güýçli. Şonuň üçin, şol wakalar başlamazdan ozal, Waşingtonda Azerbaýjana garşy sanksiýalar girizilipdi.

Bu ýagdaýa men juda gynanypdym. Sebäbi biz Azerbaýjana kömek edip bilmedik. Sebäbi şol sanksiýalar Birleşen Ştatlaryň Azerbaýjana kömek etmegine päsgelçilik döredýärdi.

Azatlyk Radiosy: Azerbaýjan kömek sorap, size ýüz tutupmydy?

Robert Finn: Hawa, bize ýüzlenipdiler, biz Bakuwa gumanitar ýardam etmäge synanyşdyk. Şol sanksiýalara garamazdan Azerbaýjana gumanitar ýardam etdik. Emma olar syýasy goldawa hem garaşýardylar.

Men amerikan harbylarynyň Azerbaýjany goramaga gelmejegini Elçi Beýe aýdypdym.

Azatlyk Radiosy: Waşington şol döwürlerde regionda nähili täsirli rol oýnap bilerdi?

Robert Finn: Sowet Soýuzy darganda, Waşington näme etjegini bilmän galdy, ýagny Waşington şol pursatdan o diýen peýdalanyp bilmedi. Meniň pikirimçe, biziň nukdaýnazarymyzdan Azerbaýjan öňki Sowet Soýuzyna girýän ýurtlaryň arasynda aktiw rol oýnap bilerdi.

Waşington passiw hereket etdi hem şol pursaty sypdyrdy.

Azatlyk Radiosy: Has takygrak gürrüň etsek, Waşington nähili rol oýnap bilerdi?

Robert Finn: Demokratiýany goramak, regionda ýerleşýän ýurtlar bilen aragatnaşyklaryny güýçlendirmek boýunça has aktiw rol oýnap bilerdi. Maliýe kömeklerini edip bilerdi.

Şol döwürde Waşingtonda köne pikirli adamlar köpdi. Olar henizem özlerini Sowet Soýuzy dargamadyk ýaly alyp barýardylar. Elbetde, şol döwürlerde birki ýyldan soňra Sowet Soýuzy gaýtadan dikeldiler diýlen gürrüňler hem bardy.

Aýtjak bolýan zadym, Waşington regiondaky täze şertlere çalt öwrenişip bilmedi. Mysal hökmünde aýtsak, men Bakuwda işleýän wagtymda “Türk Howa Ýollary” arkaly Stambuldan Bakuwa üç sagatda baryp bolýardy. Emma biziň hökümetimiz ilçihananyň işgärlerini henizem Moskwanyň üsti bilen Bakuwa ugradýardy. Moskwada şertler gaty erbetdi, myhmanhanalaryň hatda uçarlaryň-da ýagdaýy gözgynydy. Emma, muňa garamazdan, ilçihananyň işgärleri Moskwada bir gije galdyrylyp, şol ýerden Bakuwa ugradylýardylar.

Stambulyň üsti bilen gelseler, ol has arzan hem arkaýyn boljakdy. Waşingtony täze şertlere öwrenişdirmek üçin uly tagalla edipdik. Şol bir wagtyň özünde-de ilçihanadaky diplomatlaryň azeri dilini owrenmekleri üçin hem tagalla edilmelidi. Onam ýeterlik derejede başarmadyk. Aýtjak bolýan zadym, Waşington döwürden juda yza galdy.

Azatlyk Radiosy: Eger häzirki döwür hakda gürrüň etsek, onda Azerbaýjan garaşsyzlygyna gowşaly bäri aradan 20 ýyl töweregi wagt geçdi, şol arada ýurtda nähili özgerişlikler boldy?

Robert Finn: Köp zatlar özgerdi. Öň hem aýdyşym ýaly, men Bakuwa baranymda Azerbaýjan iň garaňky günleri başdan geçirýärdi. Azyk-iýmit tapmak kyndy, meselem, üç aýyň dowamynda men 15 kilo horlanypdym.

Mundan bir näçe ýyl ozal Bakuwa baranymda şäherde täze binalaryň gurulýanlygyna, uly proýektleriň amala aşyrylýanlygyna göz ýetirdim.

Nebit eksportyndan ýurda pul girip başlady, bu ýurt gowy ýola düşdi. Eger Daglyk Garabag meselesini hem çozup bilseler, Azerbaýjanyň geljegi juda aýdyň. Elbetde, problemalaram bar, halk arasynda maliýe taýdan deňsizlikler bar, graždanlaryň hak-hukuklary barada kynçylyklar dowam edýär, metbugat azatlygy çäkli.

Oppozision partiýalar yzygiderli protestler gurnaýarlar, sebäbi olar hak-hukuklaryny alyp bilenoklar. Aýtjak bolýan zadym, problemalar köp, emma, ýuwaş-ýuwaşdan hem bolsa, Azerbaýjan gowy tarapa barýar.
XS
SM
MD
LG