Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýran üçin “wirtual ilçihana” açmakçy


Amerikanyň Döwlet sekretary Hillari Klintonyň aýtmagyna görä, Birleşen Ştatlar Eýran üçin “wirtual ilçihana” açmagy göz öňünde tutýar.

“Amerikanyň sesi” media korporasiýasynyň Pars gullugyna beren interwýusynda Hillari Klinton “wirtual ilçihananyň” Eýranyň ýaşaýjylaryny internetiň üsti bilen wizalar we beýleki programmalar barada maglumat bilen üpjün etjekdigini aýtdy.

Klintonyň nygtamagyna görä, Waşingtonyň Eýranyň režimi bilen ýiti gatnaşyklarynyň bardygyna garamazdan, Amerika adaty eýranlylar bilen aragatnaşygy sazlamak isleýär.
XS
SM
MD
LG