Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton ABŞ-nyň Tähranda “wirtual ilçihana” açjakdygyny aýtdy


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton 26-njy oktýabrda pars dilli media beren ilkinji interwýusynda eýran halkyna ýüzlendi. Birleşen Ştatlaryň baş diplomaty “Amerikanyň sesi” we "BBC" telekanaly bilen söhbetdeşlikde Waşingtonyň basym Tähranda bir "wirtual ilçihana" açjakdygyny aýtdy. Maksat eýran halky bilen ilteşikde bolmak.


ABŞ Tähranda “wirtual ilçihana” açmakçy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:55 0:00


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton çarşenbe güni pars dilli media beren ilkinji interwýusynda eýran halky bilen ilteşikde bolmak üçin Amerikanyň basym Tähranda "wirtual ilçihana" gurjakdygyny bildirdi.

Klinton muny “Amerikanyň sesi” telekanalynyň pars dilindäki programmasyna, şeýle hem BBC-niň Pars gullugyna beren interwýusynda aýtdy.

—Diplomatik gatnaşyklarymyzyň ýokdugyna garamazdan, biziň etjek bolýanymyz Tähranda bir wirtual ilçihana açmak. Bu internet sahypasy üstümizdäki ýylyň aýagynda işe başlar. Biz halk bilen, aýratyn-da studentler bilen gatnaşygy dowam etdirip, olary Birleşen Ştatlara ýene okuwa gelmäge höweslendirmekçi. Adamlaryň arasynda hem gatnaşygyň bolmagy barada iş alyp bararys. Men bu iş 21-nji asyrda amerikan halky bilen eýran halkynyň arasynda gaty möhüm diýip pikir edýärin— diýip, Klinton aýtdy.

Eýran hökümeti internete berk kontrollyk edip, ony senzuradan geçirýär. Onsoň “wirtual ilçihana” öz işlerini nädip alyp barar - Klinton bu barada köp maglumat bermedi.

Eýranda 1979-njy ýylda yslam rewolýusiýasy bolaly bäri Tähran bilen Waşingtonyň arasynda diplomatik gatnaşyk ýok. Hanym Klinton “Amerikanyň sesiniň” pars dilindäki telewideniýesi bilen söhbetdeşlikde Waşingtonyň eýran halky bilen dowamly dialog alyp barylmagy isleýänligini aýtdy. Ol şeýle hem Eýrany “harby diktatura” tarap golaýlap barýan ýurt diýip häsiýetlendirdi. Ol Eýranyň halkyna ýüzlenip, şeýle diýdi:

—Birleşen Ştatlaryň siziň bilen hiç hili dawasy ýok. Biz siziň isleg-arzuwlaryňyzy goldamak isleýäris. Ertir Eýrandaky režim ‘biz öz ýaşlarymyzyň zehinini näme üçin basyp ýatyrýarys, geliň, Eýranyň geljegi gülläp össün’ diýse, biz aşa tolgunarys. Şol sebäpden mümkin bolan her bir ýoldan kömek bermek isleýäris.

Birleşen Ştatlaryň baş diplomatynyň aýtmagyna görä, Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad bilen ýokary dini ýolbaşçy Aýatolla Ali Hameneýiniň arasynda häkimiýet ugrunda barýan häzirki göreş eýran halkynyň öz ýurtlarynyň geljegine täsir etmäge şansynyň bardygyny görkezýär.

Jedelli prezidentlik saýlawlaryndan soň

BBC-niň pars dilindäki habar kanalyna beren interwýusynda hanym Klinton 2009-njy ýylda Eýranda geçen jedelli prezidentlik saýlawlaryndan soň, Waşingtonyň eden işlerini gürrüň berdi. Ol Waşingtonyň oppozision “Ýaşyl hereketi” işjeň goldamandygyny, sebäbi oppozision ýolbaşçylaryň Waşingtondan kömek soramandygyny aýtdy.

Klintonyň aýtmagyna görä, amerikan hökümeti käbir eýranlylaryň “Waşington oppozisiýanyň agzalaryny abraýdan düşürmegi mümkin işlerden saklansyn” diýenine gulak asypdyr.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Waşingtonyň eýran hökümetiniň internete girizen germewlerinden sypmak üçin halky gerekli gurallar we türgenleşik bilen üpjün etjekdigini bildirdi:

—Söz erkinligi bolup, habarlaşara mümkinçilik bolup, adamlar ýygnanyşyp, adam hukuklarynyň bozulmagy – muny häli-şindi görýäris – barada öz ünji-aladalary hakda pikir alşar ýaly, biz olara internet tutusyndan sypmara kömek bermäge synanyşýarys.

Klinton iki hepde çemesi mundan ozal üsti açylan Saud Arabystanynyň Birleşen Ştatlardaky ilçisini öldürmek baradaky dildüwşük hakda hem durup geçdi. Ol: “Tähran bu barada derňew geçirmeli” diýdi.

Hanym Klintonyň aýtmagyna görä, Waşington häzir Eýranyň oppozision topary ”Mujahedin-e Halk” guramasyny mundan beýläk-de terroristik guramalaryň sanawynda saklap-saklamazlyk barada oýlanýar. Bu topar Eýranda alyp baran hüjümleri bilen ençeme adamyň ganyna galdy. Ýöne ol indi özüniň zorlukdan ýüz öwrendigini aýdýar. “Mujahedin-e Halk” Eýranda-da gara sanawda.
XS
SM
MD
LG