Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köp garaşylan ajap eýýam…


1991-nji ýylyň 27-nji awgusty. Türkmen intelligensiýa wekilleri Aşgabatdaky Magtymgulynyň heýkeliniň ýanynda Nyýazowyň hökümetine garşy protest mitinginde. Iri planda (çepden saga) Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ý. Hydyr we türkmen ýazyjysy T. Jumageldi.
1991-nji ýylyň 27-nji awgusty. Türkmen intelligensiýa wekilleri Aşgabatdaky Magtymgulynyň heýkeliniň ýanynda Nyýazowyň hökümetine garşy protest mitinginde. Iri planda (çepden saga) Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ý. Hydyr we türkmen ýazyjysy T. Jumageldi.
Bu gün Garaşsyz Türkmenistan 20 ýaşady! Bu geçen ýyllar, hiç bir kynçylyklara garamazdan, milli türkmen döwletiniň ýaşaýyşa ukyplydygyny görkezdi. Bu, elbetde, guwançly zat. Dogrusy, türkmen döwletini 20 ýaşadan türkmen halky, onuň kanagatlylygy, çydamlylygy. Geçen döwürde halk kösense-de, azap çekse-de, 90-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda hakyky açlygy, bir döwüm çörege mätäçligi başdan geçirse-de, öz garaşsyzlygyndan ýüz öwürmedi. Halk hemişe ýagty geljege umyt baglady.

Ak Welsapar
Ak Welsapar
​Ýöne ýagty günleri diňe garaşyp getirip bolanok, muny geçen 20 ýyl doly subut etdi. Türkmenistanda häkimiýeti hakyky saýlawsyz, bikanun basyp alan bet üýşmeleň ony halka hiç haçanam meýletin yzyna gaýdyp bermese gerek. Munuň şeýle boljakdygyny, gazanylan garaşsyzlygyň entek hakyky demokratik garaşsyzlyk däldigini men 20 ýyl mundan ozal, 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Azatlyk Radiosyndan eden çykyşymda-da açyk ýaňzydypdym. Dogrudanam, hut şeýle-de boldy: bu gün Türkmenistanda adam hukuklary, söz, metbugat azatlygy kolonial döwürdäkidenem erbet. Hukugyň bozulsa, hakyň iýilse, arzyňy ýetirere edara ýok.

Sud, prokuratura organlary korrumpirlenen, olar adalata däl-de, ele bakýarlar. Şol sebäpdenem Türkmenistanda garaşsyzlyk döwründe “Gün – güýçliniňki, gowurga – dişliniňki” diýlen ýagdaý döredi. Bu ýagdaýyň mundan beýläk dowam etmegi türkmen halkynyň, döwletiniň döwrebap ösüşini bökdeýär. Galyberse-de, yzagalak döwlet düzgüni türkmeni bütin dünýäniň öňünde wejera edýär.

S.Nyýazowyň esaslandyran, Gurbanguly Berdimuhamedowyň-da üýtgewsiz dowam etdirýän içki döwlet syýasaty yzagalak, reaksion syýasat. Söz berip, sözünde durmaýan, halka demokratik saýlawlary wada berip, soňam saýlawlary “gurjak oýnuna” öwürýän režim türkmeniň at-abraýyna mynasypmy? Halka gerek zat, eýse döwletiň iru-giç parahat ýol bilen reformirlenmegi dälmi näme?

2006-njy ýylda S.Nyýazow ölende, halk syýasatçy hökmünde entek ile näbelli Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçmegine garşylyk görkezmedi. Sebäbi türkmenler S.Nyýazowdan soň döwleti onuňky ýaly eden-etdilik bilen dolandyryp biljek ikinji bir adam türkmeniň arasynda tapylmaz öýtdüler. Emma, gynansagam, şeýle adam tapyldy. Häzirki hökümet ynsapsyzlykda, eden-etdilikde S.Nyýazowdanam ozduryp barýar! Ýurtda ikinji şahsyýet kulty döredi.

Görnüşine görä, köşkde bukulyp oturan käbir kişiler türkmeniň geçirimliligini bigaýratlyga ýorýan bolmaly?! Şol sebäpdenem, hökümet çalyşsa-da, halkyň ýagdaýy üýtgänok. Nyýazowdan soňam adamlaryň adamçylyk mertebesi ýokarlanmady, halkyň demokratik hukuklary artmady. Gaýta ýurtda adam hukuklary gün-günden erbetleşýär. Prezident birçak halkdan arany açdy.

Bu ýagdaýdan baş alyp çykmak üçin halkyň jebis demokratik hereketi zerur, adamlar biri-birine ynanmaly. Türkmeniň hiç bir regiony diktatoryň arkasynda durmasa gowy. Diktator bir regiona daýanyp, beýleki regionlaryň hakyny iýse gelşiklimi näme? Eger-de haýsydyr bir region ýa-da welaýat öz ownuk bähbitlerine çapyp, bütin halkyň däl-de, eýse biabraý hökümetiň arkasynda dursa, bu gelşiksiz bolmazmy? Munuň nähili erbet netijelere getirip biljekdigini Liwiýadaky wakalar aýdyň görkezýär.

XXI asyr bütin dünýäniň täzelenýän döwri! Indi külli admazat diktaturadan dynyp, demokratik döwlet gurluşyna geçýär. Bu adalatly göreş bütin dünýäde esasan parahat ýagdaýda amala aşyrylýar. Biziň ýurdumyzda-da zerur özgerişleriň parahat ýagdaýda geçirilmegi üçin hemme şertler bar. Türkmeniň erkinlik söýüjiligi, milli jebisligi, ähli türkmenistanlylaryň bilelikdäki parahat göreşi geljekki hukuk döwletiniň zerur esaslarydyr. Ýurtda höküm sürýän yzagalak režimiň öz taryhy möhletiniň gutaranlygyna wagtynda düşünmegi bolsa ýurtda demokratiýanyň parahatçylykly ýeňmegini doly kepillendirip biler.

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy, SSSR Ýazyjylar guramasynyň hem-de Žurnalistler guramasynyň öňki agzasy. Blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Redaksiýanyň goşmaçasy

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň milli garaşsyzlygy ugrunda 1980-nji ýyllaryň ahyrynda açyk baş göteren intelligensiýa wekillerinden Bapba Gökleň, Nurberdi Nurmämmet, Mämmet Sähet, Aman Goşa, Amanmyrat Gara, Akmyrat Şir ýaly demokratik meýilli adamlaryň biri bolan ýazyjy A.Welsaparyň 1991-nji ýylyň 27-nji awgustynda Azatlyk Radiosyndan eden çykyşyny hödürleýäris.

27-nji oktýabr 1991-nji ýyl.
please wait

No media source currently available

0:00 0:06:04 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG