Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Naýef bin Abdel-Aziz saudy mirasdüşer şazadasy boldy


Saud Arabystanynyň içeri işler ministri Naýef bin Abdel-Aziz Al Saudy patyşalygynyň täze mirasdüşer şazadasy diýlip yglan edildi.

78 ýaşly Şazada Naýef yslamçy söweşijilere garşy operasiýalara ýolbaşçylyk edipdi. Ol aşa konserwatiw däplere hem özüniň goldawyny görkezipdi.

Naýef Saud Arabystanynyň häzirki patyşasy – 87 ýaşly Abdylla ölenden soň, tagta geçer.

Saud Arabystanynyň ozalky mirasdüşer şazadasy Abdel Aziz geçen hepde, içegesindäki rak keseli sebäpli, Nýu-Ýorkuň keselhanasynda ýogalypdy.
XS
SM
MD
LG