Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kaddafiniň ogly Halkara sudy bilen habarlaşypdyr


BMG-niň Halkara sudy Liwiýanyň ozalky lideri Muammar Kaddafiniň ogly Saif al-Islam bilen göni bolmadyk gepleşige çykylandygyny mälim etdi.

Hususan-da, Halkara sudunyň prokurory Luiz Moreno-Okampo Muammar Kaddafiniň ogly Saif al-Islamiň özüni meýletinlik bilen suda tabşyrmak barada eden ýüzlenmesiniň öwrenilýändigini aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, Saif al-Islam göni bolmadyk gepleşikde özüniň günäsizdigini öňe sürüpdir.

Ýakynda Liwiýanyň Sirte şäherinde Muammar Kaddafä ygrarly güýçler derbi-dagyň edilenden soň, Kaddafiniň ogly Saif al-Islam häzirki wagt ýurduň günortasyndaky Nigere gaçyp atandyr diýlip çaklanylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG