Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama gyrgyz saýlawlaryna ýokary baha berdi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Gyrgyzystanda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň netijelerine gowy baha berdi we ony “demokratik saýlawlar” diýip atlandyrdy.

Obamanyň beýannamasynda aýdylmagyna görä, Gyrgyzystanyň halky ses berişlige gatnaşyp, demokratiýa we häkimiýet ygtyýarlyklarynyň geçirilmegi boýunça meseleleriň asudalyk bilen çözülmegine ygrarlydygyny görkezdi.

Gyrgyzystanda 30-njy oktýabrda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ilatyň 63 prosente golaýynyň Almazbek Atambaýewe ses berendigi yglan edildi.

ÝHHG-niň synçylary saýlaw wagtynda kemçilikleriň bolandygyny aýtdylar. Emma saýlawlaryň öň ýanyndaky kampaniýa ýokary baha berdiler.

BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun öz beýannamasynda “prezidentlik saýlawlary wagtynda Gyrgyzystanyň halkynyň özlerini asuda alyp barmagyna” ýokary baha berdi.

Prezidentlik saýlawlarynda bäsleşen oppozisiýanyň kandidatlary Adahan Madumarow we Kamçybek Taşiýew saýlawlarda köpçülikleýin galplyklaryň bolandygy aýdyp, onuň netijelerini ykrar etmejekdiklerini aýtdylar.
XS
SM
MD
LG