Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nyýazowyň sökülen heýkeli täzeden dikildi


Altyn çaýylan heýkel Aşgabadyň çetinde gurlan 95 metrlik täze “Bitaraplyk diňiniň” üstünde goýuldy.
Altyn çaýylan heýkel Aşgabadyň çetinde gurlan 95 metrlik täze “Bitaraplyk diňiniň” üstünde goýuldy.
Türkmenistanyň öňki diktatory hökmünde tanalýan Saparmyrat Nyýazowyň äpet heýkeli, öňki ýerinden sökülip aýrylanyndan bir ýyl geçenden soň, täze gurlan monumentiň depesinde şu hepde garaşylmadyk ýagdaýda peýda boldy.

Dünýä jemgyýetçiliginiň gözünden düşen şahsyýet kultunyň simwoly hasaplanýan altyn çaýylan heýkel Aşgabadyň çetinde gurlan 95 metrlik täze "Bitaraplyk diňiniň" üstünde goýuldy. Emma diňiň gurulşygy entek doly tamamlanmady.

1998-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabadyň merkezinde açylan "Bitaraplyk diňini" Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasy gurupdy. 75 metrlik "Bitaraplyk diňiniň" gurluşygyna 12 million dollardan gowrak pul sarp edilipdi.

Bu diňiň sökülip, şäheriň günortasynda täzeden gurulmagy üçin Türkiýäniň "Polimeks" kompaniýasy bilen baglaşylan şertnamanyň umumy bahasy 217 million 873 müň 600 amerikan dollaryndan ybarat bolandygy habar berlipdi.

Resmi maglumatlara görä, "Bitaraplyk diňiniň" paýtagtyň merkezinden aýrylmagy şäheriň durkuny täzelemek boýunça planyň çäginde amala aşyrylypdyr. "Bitaraplyk diňini" göçürmek baradaky karar türkmen hökümetiniň 2008-nji ýylyň maý aýynda geçiren maslahatynda yglan edilipdi.

2010-njy ýylyň awgust aýynda diňiň üstündäki heýkel sökülip aýrylanda, bu çärä prezident Berdimuhamedowyň öňki prezident Nyýazowyň göze ilginç şahsyýet kultuny aradan aýyrmak üçin eden ädimi hökmünde garalypdy.

"Agence France-Presse" agentliginiň habar bermegine görä, altyn çaýylan heýkel indi şähere garap dur we duran ýerinde aýlanmaýar. Şeýle hem ol paýtagt Aşgabadyň merkezinden 6 kilometr uzaklykda ýerleşdirildi.

2007-nji ýylda häkimiýet başyna geçen Berdimuhamedow öňki awtoritar prezident Nyýazowyň mirasyny ýok edip başlapdy we ýurtda reformalary geçirmegi wada edipdi. Emma tankytçylar şol özgerişlikleriň ýüzleýdigini we onuň gaýtam öz şahsyýet kultuny döretmäge başlandygyny aýdýarlar.

Türkmenistan dünýäniň iň repressiw, ýapyk ýurtlarynyň biri hökmünde tanalýar we halkara hasabatlarda Demirgazyk Koreýa, Eritreýa ýaly ýurtlaryň hatarynda görkezilýär.

Habar agentlikleriniň maglumatlary esasynda çap edildi.
XS
SM
MD
LG