Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Assanjyň Şwesiýa ekstradisiýa edilmegi mümkin


Britaniýanyň sudy “Wikileaks” saýtyny esaslandyryjy Julian Assanjyň Şwesiýa ekstradisiýa edilip bilinjekdigi barada hökümi çykardy. Şwesiýa Assanjy jynsy zorluklar barada bildirilýän aýyplamalar boýunça sorag etmekçi.

Assanj özüne bildirilýän aýyplamalary inkär edýär. Onuň bellemegine görä, bu çäre “Wikileaks” saýtynyň amerikan gizlin diplomatik kabelleri diýilýän telegrammalary çap edendigi üçin edilýän basyş.

Assanj şu gün sud zalynyň daşynda şeýle diýdi: “Maňa hiç bir döwletde hiç bir etmiş boýunça aýyplama bildirilmedi. Ýöne, muňa garamazdan, Ýewropanyň tussag etmek baradaky görkezmesi şeýle bir çäklendiriji welin, bu Britaniýanyň sudlaryny bu iş boýunça delillere üns bermekden saklady. Edil şu gün sudýalaryň muny mälim edişi ýaly”.

Assanj geçen ýylyň dekabrynda Britaniýada tussag astyna alnypdy.
XS
SM
MD
LG