Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Näme üçin türkmen sportsmenleri gowşak?


Türkmen futbolçylarynyň eýýäm näçe ýyllaryň dowamynda halkara derejede geçirilýän futbol ýaryşlarynda öňdebaryjy orunlary eýelemeýänliginiň sebäbi nämede?
Türkmen futbolçylarynyň eýýäm näçe ýyllaryň dowamynda halkara derejede geçirilýän futbol ýaryşlarynda öňdebaryjy orunlary eýelemeýänliginiň sebäbi nämede?
Aziýa boýunça Futbol federasiýasynyň gurnamagynda geçirilýän “AFC U19” futbol çempionatynyň seçiş oýunlarynyň ilkinji duşuşyklarynyň birinde türkmen futbolçylary Hindistanyň komandasyndan 3:1 hasabynda ýeňildiler. Duşenbe güni Eýranyň paýtagty Tähranda geçirilen duşuşygyň netijelerine görä, häzir Türkmenistan C toparda “0” bal bilen bäş komandanyň arasynda dördünji orunda. C toparynda ýene-de Özbegistanyň, Eýranyň, Pakistanyň komandalary bar.

Mundan öň şu ýylyň hasabyna dünýä derejesindäki dürli ýaryşlarda hem türkmen futbolçylarynyň geçiren oýunlary onçakly şowly bolmandy. Mysal üçin, Türkmenistan geljek ýyl Londonda geçiriljek XXX Olimpiýa oýunlarynyň futbol boýunça Aziýa saýlama ýaryşlaryndan hem utulyp çykdy.

Eýse, türkmen futbolçylarynyň, umuman, beýleki sportsmenleriniň hem eýýäm näçe ýyllaryň dowamynda halkara derejede geçirilýän futbol ýaryşlarynda öňdebaryjy orunlary eýeläp bilmeýänliginiň sebäbi nämede – türgenleşigiň ussatlyk derejesiniň pesligindemi ýa-da ýurtda sporta bolan ünsüň kemligindemi?

Türkmenistanda häzir sport barada edilýän alada öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwri bilen deňeşdirilende göz-görtele artyp başlady. Mysal üçin, Nyýazow döwründe mekdep programmasyndan aýrylan bedenterbiýe sapaklary täzeden dikeldildi, ençeme türgenleşik desgalary, sport şäherçeleri, şol sanda Merkezi Aziýanyň gurak howa şertlerinde geň görülýän buz köşkleri hem bina edildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem ýurtda sportuň ösdürilmegine aýratyn ünsüň berilýändigini çykyşlarynda gaýta-gaýta nygtaýar. Nyýazowyň döwri bilen deňeşdirilende, adaty adamlara sport bilen meşgullanmak üçin, has köp şertleriň döredilýändigini türkmenistanlylar hem gürrüň berýärler.

Emma, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ozalky sportsmeniň nygtamagyna görä, bahalary milliard sanlarynda we dollar hem ýewro pul birliklerinde ölçelýän lowurdap duran sport, türgenleşik binalarynyň dikeldilmeginiň diňe bir özüniň türkmen sportsmenleriniň dünýä arenasynda çykyş edip, baýrakly orunlary eýelemegine kepil däl.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda halkara derejesinde çykyş edip, juda gowy netijeleri görkezip biljek köp sprotsmenler bar. Emma ol kähalatlarda ýurduň içinde geçirilen ýaryşlarda üstünlik gazanan sprotsmenler, eger-de degişli resmilere para-peşgeş bermese, onda halkara ýaryşlaryna gatnaşdyrylmazlygynyň mümkindigini belleýär.

Häzir Türkmenistanda ozal agyr atletika boýunça ençeme gezek halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan Altymyrat Orazdurdyýew; ok atmak boýunça dünýäniň we Ýewropanyň ençeme gezek çempiony, 1960-njy ýyldaky olimpiýa oýunlarynda kümüş medalyň eýesi bolan Marat Nyýazow; gimnastika boýunça belli türgen, SSSR-iň at gazanan tälimçisi, Türkmenistanyň milli sport guramalaryny döredijileriň biri Aman Şanyýazow; Orsýetiň futbol boýunça ýokary ligasynda iň bir öňdebaryjy netijeleri görkezýän, Kazanyň “Rubin” toparynyň baş tälimçisi Gurban Berdiýew ýaly türgendir sportsmenleriň täze nesliniň halkara arenada dünýä şöhratyna eýe bolmagyna näme böwet bolup biler – türgenleriň ussatlyk derejesiniň pesligimi ýa-da ýurtda sporta bolan ünsüň kemligi?
XS
SM
MD
LG