Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Italiýanyň daşarky banklardan karz almak görkezijisi ýokary


Şu gün Italiýanyň daşarky banklardan karz almakdaky görkezijileriniň iň ýokary derejä ýetendigi habar berilýär.

Käbir synçylar indi Gresiýanyň yzy bilen Italiýanyň hem ýewro zonasyndaky nobatdaky defisit problemasy bilen ýüzbe-ýüz boljak ýurt bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Italiýadaky çuňlaşýan bu maliýe kynçylyklary bilen baglanyşykly ýurduň syýasy güýçleriniň premýer-ministr Silwio Berluskoniniň wezipesinden çekilmegini talap edip, oňa görkezýän basyşlary-da gitdigiçe artýar.

Bu wakalaryň fonunda şu gün Halkara pul gaznasynyň direktory Kristin Lagard Ýewropadaky maliýe meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Moskwada Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen duşuşdy.
XS
SM
MD
LG