Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sarkozi Netenýahuny “ýalançy” diýip atlandyrýar


Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkoziniň ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen özara gürrüňdeşlikde Ysraýylyň premýer-ministri barada eden tankydy gürrüňleri Fransiýanyň mediasynda peýda boldy.

Onuň bu gürrüňdeşligi geçen hepde Fransiýanyň Kann şäherinde geçirilen G-20 toparynyň Sammitiniň çäklerinde bolupdy.

Fransiýaly žurnalistleriň birnäçesi Sarkozi bilen Obamanyň eden özara gürrüňleriniň açyk mikrofon arkaly käbir beýleki adamlara-da eşidilendigini tassyklaýarlar.

Olaryň maglumatyna görä, Nikola Sarkozi prezident Obama ýüzlenip, “Men indi oňa (Netenýahuwa) çydamok. Ol ýalançy” diýipdir. Muňa jogap edip, Obama hem Ysraýylyň liderinden Sarkoziniň irendigine garamazdan, özüniň Netenýahu bilen gündelik iş salyşmaly bolýandygyny nygtapdyr.
XS
SM
MD
LG