Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzyň häkiminiň orunbasary tussag edildi


Hukuk goraýjy aktiwist Tuhbatulliniň pikiriçe, kärhanalar öz aralarynda biri-biri bilen baglanyşykly bolmaly.
Hukuk goraýjy aktiwist Tuhbatulliniň pikiriçe, kärhanalar öz aralarynda biri-biri bilen baglanyşykly bolmaly.
Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Tirkeş Guzybaýew maliýe galplyklarynda günälenip, tussag edildi. Bu hakda düýbi Wenada ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy “Türkmen inisiatiwasy” topary habar berýär.

Toparyň başlygy Farid Tuhbatullin maglumaty şol ýerdäki çeşmelerinden alandygyny, resmi metbugatda hem Guzybaýewiň prezidentiň karary boýunça wezipesinden boşadylandygy barada maglumatyň berlendigini aýtdy.

“Türkmen inisiatiwasy” toparynyň maglumatyna görä, bu jenaýat işi sentýabr aýynda açylypdyr. Şonda bu jenaýat işi boýunça birnäçe adam tussag edilýär. Derňew 1990-njy ýyllarda gurlup, ulanmaga tabşyrylan “Serdar” atly dokma fabrigine barlagçylaryň gelen döwri başlanýar. Şol barlaglar netijesinde fabrigiň baş müdiri Erik Kim hem maliýe galplyklarynda aýyplanyp, tussag edilýär.

—Şol wagtlar Daşoguzyň häkiminiň orunbasary Tirkeş Guzybaýew welaýatyň gurluşyk bölümine ýolbaşçylyk edýärdi. Barlaglaryň netijesinde fabrigiň gurluşygyndaky maliýe galplyklarynda onuň hem eliniň bardygy anyklandy. Bu jenaýat işine gatnaşygy bar diýlip, 50 töweregi adam tussag edildi. Geçen hepdede bu maliýe galplygynda eli bar diýlen aýyplama bilen welaýatyň häkiminiň orunbasary Tirkeş Guzybaýewiň hem tussag edilendigi habar berildi—diýip, Tuhbatullin aýdýar.

Farid Tuhbatullin özünde bar maglumatlara salgylanyp, “Serdar” dokma fabriginiň gurluşygyndan 14 million manadyň, ýagny 5 million amerikan dollary töweregi puluň ogurlanandygyny aýdýar.

“Türkmen inisiatiwasy” toparynyň maglumatynda “Serdar” dokma fabrigi bilen bagly alnyp barylýan derňew işleriniň çäginde Daşoguz welaýatyň “Ýüpek” önümçilik bileleşiginiň işi boýunça hem jenaýat işi gozgalypdyr. Emma bileleşigiň baş direktory öz janyna kast edipdir.

Hukuk goraýjy aktiwist Tuhbatulliniň pikiriçe, bu kärhanalar öz aralarynda biri-biri bilen baglanyşykly bolmaly:

—Meniň Turkmenistandaky çeşmämiň sözlerine görä, polisiýa işgärleri “Serdar”dokma fabriginiň başlygyny tussag edenlerinde, onuň gündelik depderçesini ele salypdyrlar. Depderçede kimiň oňa näçe bergisi bardygy ýazylypdyr. Şol sanawda bar adamlaryň hemmesi diýen ýaly ele salnyp, soraga çekilipdir. Häziki wagtda “Ýüpek” bileleşiginde hem derňew işleri dowam edýär.

Welaýatyň “Daşoguzenergo” önümçilik bileleşiginde alnyp barylýan barlag işleriniň netijesine görä, bileleşikde hasabatda görkezilen energiýadan birnäçe esse az energiýanyň öndürilendigi anyklanypdyr. Häzir bu edarada hem derňew işleriniň alnyp barylýandygy habar berilýär. Edaranyň ýolbaşçysy Myrat Bakyýew bolsa tussag astyna alnypdyr.

Türkmenistanda parahorluk, korrupsiýa gitdigiçe ýokarlanýar. Hatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem öz çykyşlarynyň birinde ýurtdaky korrupsiýanyň bardygyny boýun alyp, oňa garşy aýgytly göreşmelidigini belledi. Käbir bilim we bank işgärleriniň maliýe galplyklarynda günälenip, tussag edilendigi ýerli telewideniýede görkezildi. Emma, şeýle-de bolsa, dürli çeşmelerden gelip gowuşýan maglumatlara görä, korrusiýanyň derejesi peselenok. Korrupsiýa garşy göreşýän aktiwistler we žurnalistler bolsa ýanamalara sezewar edilýär.

Gyrgyzystanyň korrupsiýa garşy göreş boýunça işewür geňeşiniň baş sekretary Nuripa Mukanowa ýurtda korrupsiýanyň öňüni almak üçin ýolbaşçy wezipelere hemmetaraplaýyn arassa adamlary bellemelidigini aýdýar:

—Ýurtda anyklanýan şeýle faktlaryň hemmesi köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýetirilmeli. Ýurduň kanunçylygyna hem bir gezek parahorlukda günälenen adamy ikinji gezek jogapkärli wezipelere bellemezlik barada düzediş girizmeli. Aç-açanlyk bar ýerinde korrupsiýa bolmaýar. Türkmenistan ýapyk ýurt. Ol ýerde karar kabul edilende, häkimler we olaryň orunbasarlary bellenende, halkyň pikiri hasaba alynmaýar. Umuman aýdanda, ýurdy bir adam dolandyrýan bolsa, hökman korrupsiýa bolýar. Ýurtda dürli pikirliligiň bolmazlygy hem häkimiýetleriň peýdasyna bolýar.
XS
SM
MD
LG