Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bank ulgamynyň ösmegine näme böwet döredýär?


Halkara hem ýerli synçylary Türkmenistanyň bank pudagynda edilýän işlere baha bermek üçin zerur bolan statistiki maglumatlaryň ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar.
Halkara hem ýerli synçylary Türkmenistanyň bank pudagynda edilýän işlere baha bermek üçin zerur bolan statistiki maglumatlaryň ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanda bank ulgamynyň ösüşi barada 2011-2030-njy ýyllar aralygy boýunça kabul edilen döwlet maksatnamasynyň çäginde reformalaryň geçirilýändigi habar berilýär. Şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Merkezi banky baradaky hem Karz edaralary we bank işi hakyndaky kanunlar kabul edildi. Muňa garamazdan, ýerli telekeçileriň köpüsi para bermezden ýa-da tanyşlykdan peýdalanmazdan, karz-kredit almak meselesiniň kyndygyny aýdýarlar.


Baýram atly 55 ýaşly işewür Türkmenistanda bank sistemasynyň ösmändigi sebäpli işlemegiň kyndygyny öňe sürýär. Telekeçiligiň ösmegine zerur bolan karz-krediti almak meselesiniň hem öňküsi ýaly kyndygyny aýdyp, ol girew goýup 20 müň manada çenli karz almak mümkinçiligiň bardygyny, ýöne käbir halatda telekeçileriň girewe goýara zadynyň ýokdugyny gürrüň berdi.

Şol bir wagtda-da türkmen metbugaty bank ulgamyny ösdürmek üçin bank pudagynda özgertmeleriň amala aşyrylýandygy barada maglumatlary çap edýär. “Bank işiniň kämilleşdirilmegi” atly Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işgäri Konstantin Kapançiýewiň çap eden maglumatynda häzir bank ulgamyndaky reformalaryň netijesinde ýurduň hökümete degişli bolmagyk pudagynda öndürilýän harytlaryň hem hyzmatlaryň möçberiniň 40%-e ýetendigi habar berildi.

Türkmenistanda maliýe ulgamynyň işini ösdürmek üçin kanuny binýadyň hem düýbüniň tutulandygy aýdylýar. Şu ýylyň mart aýynda “Türkmenistanyň Merkezi banky” baradaky hem “Karz edaralary we bank işi” hakyndaky kanunlar kabul edildi. Bu kanunyň kabul edilmegi bilen bagly “Türkmenbaşy” bankynda ilata gysga wagtyň içinde berilýän “Ekspress” karzlar ýaly hyzmatlar hödürlenip başlandy. Bu karz gysga möhletlik 18% göterim bilen berilýär diýlip, bankyň resmi internet saýtynda maglumat berilýär.

14-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň maslahatynda reformalaryň geçişini utgaşdyrmak üçin ýurtda Türkmenistanyň bankara geňeşiniň dörediljekdigi aýdyldy. Şeýle hem, Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş fondunyň serişdeleriniň hasabyna durmuşa geçirilýän inwestision proýektleri maliýeleşdirmek üçin Türkmenistanyň Ösüş bankynyň döredilendigi habar berildi.

Maglumat ýetmezçiligi

Halkara hem ýerli synçylary Türkmenistanyň bank pudagynda edilýän işlere baha bermek üçin zerur bolan statistiki maglumatlaryň ýetmezçilik edýändigini aýdýarlar. Mysal üçin, 2007-nji ýylda Türkmenistanda döredilen Durnuklaşdyryş fondy barada henize çenli maglumat berilmeýär. Bu fonddaky serişdeleriň möçberi hakda, olaryň nämä sarp edilýändigi baradaky maglumatlar ýaşyryn saklanýar.

Gaýta, geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, aç-açanlyk bilen bagly ýagdaýyň Türkmenistanda has-da ýaramazlaşýanlygyna şaýatlyk edýän alamatlar az däl. Mysal üçin, geçen ýyllarda dürli gurluşyklar barada berlen maglumatlarda olaryň bahasy köpçülige ýetirilen bolsa, häzir hökümet býujetinden sarp edilýän bu serişdeler barada maglumat berilmeýär.

Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan ýaly goňşy ýurtlarda ýurduň altyn-walýuta zapaslary baradaky maglumatlary bu ýurtlaryň Merkezi banklarynyň internet sahypasyndan tapmak mümkin. Ýöne Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň internet sahypasynda şeýle maglumatlar çap edilmeýär.

Orsýetiň Ylymlar Akademiýasynyň Ählumumy taryh institutynyň Balkan, Kawkaz we Merkezi Aziýa boýunça ylmy-barlag merkeziniň ýolbaşçysy Artýom Ulunýan bolsa Türkmenistandaky syýasy gurluşa ünsi çekýär:

—Türkmenistanyň belli bir pudagynda reforma geçirmezden ozal, şol reformalar netije berer ýaly syýasy gurluşyň özgerdilmegi zerur. Hemme döwlet banklary, olara ýatyrylan daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberine garamazdan, ýurduň maliýe ministrliginiň däl-de, prezidentiň özüniň gözegçiliginde saklanýar. Şeýle ýagdaýda bolsa bank ulgamynyň netijeli işlemegini gazanmak kyn bolar. Diňe Türkmenistanda däl, eýse Merkezi Aziýa regionynyň beýleki ýurtlarynda hem bank ulgamynyň işine korrupsiya, garyndaşparazlyk bilen bagly problemalar päsgelçilik döredýär.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň jogapkär işgärlerine garşy sud diňlenişiginde, 28-nji iýul.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň jogapkär işgärlerine garşy sud diňlenişiginde, 28-nji iýul.
Türkmen metbugatyna korrupsiýa we jemgyýetiň ösmegine böwet döredýän beýleki meseleler barada kän maglumat berilmeýär. Emma şu ýylyň 28-nji iýulynda ýerli mediada bank ulgamynda ýüze çykan korrupsiýa barada habar berildi. Şonda bikanun ýol bilen gazanylan uly möçberdäki pul serişdelerini kanunylaşdyran Türkmenistanyň Merkezi bankynyň jogapkär işgärlerine garşy sud diňlenişigi halka görkezildi.

Ýerli metbugatda bank pudagyndaky reformalar barada aýdylyp, ýerli telekeçileriň milli ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagyna gatnaşmagy üçin “Rysgal” atly täjirçilik paýdarlar bankynyň açylandygy aýdyldy. Bu bankyň inwestision proýektleri maliýeleşdimegiň döwrebap usullaryny işläp taýýarlaýan özboluşly merkeze öwrüljekdigi aýdylýar. Onda telekeçileriň tekliplerine aýratyn gulak asyljakdygy bellenilýär.
XS
SM
MD
LG