Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

EUCAM ÝB-Merkezi Aziýa gatnaşyklaryna syn edýär


Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew (sagda) ÝB - Merkezi Aziýa duşuşygynda, 2009-njy ýyl.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew (sagda) ÝB - Merkezi Aziýa duşuşygynda, 2009-njy ýyl.
Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýola goýan strategiýasyna gözegçilik ediji EUCAM proýekti ýakynda Merkezi Aziýa regiony bilen baglanyşykly özüniň nobatdaky synyny çap etdi.

Azatlyk Radiosyndan Allamyrat Rahym düýbi Ispaniýada ýerleşýän EUCAM proýektiniň ýolbaşçysy Ýos Bunstra bilen bu proýektiň işi we maksatlary barada ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Bunstra, siziň Merkezi Aziýa regiony boýunça iş alyp barýan EUCAM proýektiňiziň esasy maksady nämeden ybarat?

Ý.Bunstra
Ý.Bunstra
Ý.Bunstra: Biz 2008-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasyna ýakyndan syn etmek arkaly, bu proýekti ýola goýduk. Bileleşigiň bu strategiýasy 2007-nji ýylda düzülipdi.

Biz bu strategiýanyň durmuşa geçirilişine ýakyndan gözegçilik etmek isleýäris. Beýle diýmek, biziň öz analizlerimizde ýagdaýa tankydy syn berjekdigimizi aňladýar.

Şeýle hem, biz Merkezi Aziýa barada Ýewropadaky düşünjeleri artdyrmaklyga we, tersine, Ýewropa Bileleşigi barada-da Merkezi Aziýadaky düşünjeleri artdyrmaklyga çalyşýarys.

Azatlyk Radiosy: Siziň bu guramaňyz Merkezi Aziýa ýurtlary baradaky öz hasabatlarynda, esasan, nähili meseleleri we problemalary öz içine alýar?

Ý.Bunstra: Hasabatlar giň meseleleri öz içine alýar. Biz ozalbaşda energiýa meseleleri, bilim, demokratiýa we adam hukuklary hem-de howpsuzlyk ýaly meselelere üns bermekden başladyk.

Emma geçen ýyldan başlap biz howpsuzlyk, jemgyýetiň ösüşi we gymmatlyklary ýaly meselelere-de üns berip başladyk. Aýratynam, Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň gatnaşyklarynda howpsuzlyk meselesi has möhüm meselä öwrülip ýör diýip hasaplaýarys.

Azatlyk Radiosy: Siz howpsuzlyk meselesi diýmek bilen nähili howpsuzlygy göz öňünde tutýarsyňyz?

Ý.Bunstra: Howpsuzlyk meselesi giň düşünje. Ozaly bilen, biz Ýewropa Bileleşigi ynsan goragy meselesinde uly rol oýnap biler diýip hasaplaýarys. Ýewropanyň Merkezi Aziýa babatdaky proýektleriniň aglabasy ynsan goragy aspektlerini-de öz içine alýar.

Mysal uçin, Ýewropa Bileleşigi kanunçylygy işletmek meselesine ünsi gönükdirende, ol Merkezi Aziýanyň raýatlaryna kanun arkaly adalatlylyga eýe bolmak mümkinçilikleriniň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde, biz adamlaryň janynyň howpsuzlygy baradaky meselelere-de ünsi güýçlendirýäris. Mysal uçin, 2014-nji ýylda NATO goşunlarynyň Owganystany terk etmekleri bilen, ýagdaýyň nähili boljakdygy we onuň Merkezi Aziýa nähili täsir etjekdigi barada Ýewropada köp aladalar bar.

Azatlyk Radiosy: Jenap Bunstra, Merkezi Aziýadaky ýagdaýlary öwreneňizde we häkimiýetler bilen iş salyşanyzda, nähilidir bir kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmaýarsyňyzmy?

Ý.Bunstra: Elbetde, Merkezi Aziýanyň hökümet resmilerine, aýratynam, Özbegistan bilen Türkmenistanyň resmilerine çykmaklyk biziň üçin kyn. Regionyň beýleki üç ýurdunyň resmileri bilen iş salyşmaklyk birneme ýeňilräk. Ýöne, umumy alnanda, resmileriň biz bilen hyzmatdaşlyk etmek islegi şeýle bir uly däl.

Biz regiondaky graždan jemgyýeti guramalary bilenem iş salyşýarys. Bu meselede-de, elbetde, Özbegistan bilen Türkmenistandaky ýagdaýlar agyr. Sebäbi, bu iki ýurduň ikisinde-de graždan jemgyýetiniň ýagdaýy mejalsyz. Bu ýurtlarda sosial meselelere üns berýän graždan jemgyýeti toparlary bar bolaýsa-da, olar syýasy meseleler bilen kän meşgullanyp bilmeýärler.

Azatlyk Radiosy: Jenap Bunstra, siziň EUCAM programmaňyz häzirki wagt Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda, Türkmenistan barada nähilidir bir hasabat taýýarlaýarmy?

Ý.Bunstra: Edil häzirki wagt birnäçe hasabatyň çykarylmagyna garaşylýar. Olar, esasan, Täjigistandaky we Gyrgyzystandaky howpsuzlyk hem-de ösüş meseleleriniň özara baglanyşygyna üns berýär. Bu proýekt Finlýandiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilen proýekt.

Mundan daşary, biz Merkezi Aziýadaky migrasiýa meselesi, şeýle hem Orsýet we Hytaý ýaly ýurtlar bilen deňeşdirilende Ýewropanyň bu regiondaky pozisiýasy bilen bagly mesele boýunça-da hasabat taýýarlaýarys.

Emma Türkmenistan babatda ýakyn wagtlarda nähilidir bir hasabat göz öňünde tutulmaýar. Ýöne biz Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan babatdaky hem-de, tersine, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi babatdaky energiýa syýasatyna ýakyndan syn etmäge çalyşýarys.
XS
SM
MD
LG