Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bahreýinde hüjüme synanyşan topar tussag edildi


Ýekşenbe güni Bahreýniň häkimiýetleri ýurtda terror hüjümini amala aşyrmaga synanyşan bäş adamdan ybarat bir toparyň tussag edilendigini mälim etdiler.

Ýurduň Içeri işler ministrligi bu adamlardan dördüsiniň Katarda tussag edilip, Bahreýne ekstradisiýa edilendigini aýdýar.

Bahreýniň häkimiýetleri bu adamlaryň ýurduň Içeri işler ministrligine, ýurtdaky Saud Arabystanynyň ilçihanasyna hem-de iki ýurdy baglanyşdyrýan transport köprüsine hüjüm etmäge taýýarlyk görendiklerini boýun alandyklaryny aýdýarlar.

Şu ýylyň ýazynda Bahreýinde demokratik şygarlar bilen gurnalan demonstrasiýalary basyp ýatyrmak üçin Bahreýniň monarh hökümeti Saud Arabystanynyň we käbir beýleki arap ýurtlarynyň goldawlaryndan peýdalanypdy.
XS
SM
MD
LG