Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý amerikan harbylarynyň ýurtda galmak şertlerini kesgitledi


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý Amerikanyň harbylarynyň ýurtda galmagyna degişli şertleri mälim etdi. Prezident Karzaý Kabulda geçýän “Loya jirge”, ýagny ýaşulular maslahatynda şeýle diýdi:

—Biz strategiki hyzmatdaşlygy isleýäris. Ýöne bu käbir şertler bilen bagly bolmaly. Ýagny, milli birlik, gijeki hüjümleriň amala aşyrylmazlygy, öýlerde barlag işleriniň geçirilmezligi.

Karzaýyň sözlerine görä, eger-de Waşington şol şertleri amala aşyrsa, onda bu Amerikanyň esgerleriniň Owganystanda uzak möhletleýin galmagyna ýardam edip biler.

Şeýle-de Karzaý taýpa ýolbaşçylaryndan “Talyban” bilen ýaraşmak üçin nämeleriň edilmelidigini sorady:

—Biz nädenimizde parahatçylygy sazlaşdyryp bileris? Biz bu prosesi nädip dowam etdirmeli? Biz kime ýüz tutmaly? Biz “Talyban” bilen gepleşmelimi ýa-da goňşularymyz – doganymyz Pakistana ýa-da başga birine ýüz tutmalymy? Bu soraglar boýunça jogaby tapmak üçin, siz, owgan halkynyň wekilleri, bize maslahat bermeli. Owgan hökümetine we onuň ýolbaşçylaryna haýsy ugur boýunça gitmelidigini maslahat bermek siziň hukugyňyzdyr.

“Talyban” iki müň töweregi jemgyýetçilik we syýasy wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän “Loýa jirge” maslahatyna hüjüm etjekdigini aýdyp, haýbat atypdy.
XS
SM
MD
LG