16-njy noýabrda Türkmenistanyň nebit we gaz pudagyna degişli halkara konferensiýasynda çykyş eden ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýörite wekili Daniýel Şteýn “Transhazar” gazgeçirijisiniň gurluşygyna hiç hili päsgelçiligiň bolmajagyny nygtady. Bu barada Orsýetiň “Ria-Nowosti” habar gullugy maglumat ýaýratdy.
Daniýel Şteýniň “Türkmenistan, Azerbaýjan we Ýewropa Bileleşigi bu gazgeçirijisiniň gurluşygy barada özara ylalaşyga gelseler, onuň gurluşygyna böwet döredip biljek hiç zat ýok” diýendigi habar berilýär.
Halkara ylmy maslahatda eden çykyşynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýörite wekili öz ýurdunyň Ýewropa ýurtlarynyň energiýa howpsuzlygy barada alada edýändigini nygtapdyr.
Daniýel Şteýn ÝB-niň ABŞ-nyň iň iri inwestision hyzmatdaşydygyny aýdyp, “Transhazar” gazgeçirijisiniň proýektini ABŞ-nyň 15 ýyl bäri goldap gelýändigini belledi diýlip, habar berilýär.
Bu gazgeçirijiniň gurluşygyna Orsýet bilen Eýran garşy çykýar. Gazagystan bu meselede öz pozisiýasyny entek beýan etmedi.

Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!