Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan “Ýewraziýanyň ýyldyzy” bäsleşigine gatnaşýar


Türkmenistanda “Ýewraziýanyň ýyldyzy” atly türki milletlileriň aýdym-saz bäsleşigine taýýarlyk görülýär. Bu halkara bäsleşiginde ýurduň adyndan çykyş etjek aýdymçyny saýlamak üçin, Türkmenistanda ýörite konkurs yglan edildi diýlip, resmi metbugatda habar berilýär.

Bu konkursyň birinji tapgyryna Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan 100-e golaý aýdymçynyň gatnaşandygy aýdylýar. Olardan 30 aýdymçynyň saýlanandygy, indi bu aýdymçylaryň konkursyň geljekki tapgyrynda çykyş etjekdigi habar berilýär.

Maglumata görä, aýdymçylaryň çykyşlary telewideniýe hem radio arkaly ilata ýetirilip, ýerli ýaşaýjylar hem jübi telefonlaryndan SMS iberip, bu bäsleşikde iň mynasyp aýdymçyny saýlamaga gatnaşyp bilýärler. Saýlanan 30 aýdymçydan 10-sy geljekki tapgyrda çykyş etmäge hukuk gazanar.

19-njy noýabrda ýurduň Mukamlar köşgünde aýdymçylaryň göni efire beriljek konserti geçiriler. Onda ýeňiş gazanan aýdymçy “Uly finala” gatnaşyp, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan we Türkiýe ýaly ýurtlaryň wekilleri bilen “Ýewraziýanyň ýyldyzy” adyny almak ugrunda bäsleşer.

“Uly finalyň” haýsy ýurtda geçiriljegi bije arkaly çözüler.

Bu bäsleşigi geçirmek inisiatiwasyny Türkiýäniň “TRT Awaz” telekanaly öňe sürüpdi.
XS
SM
MD
LG