Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Andijanda ýaşaýyş jaýlarynyň 100-e golaýy ýykylýar


Özbek prezidenti Kerimowyň görkezmesine görä, Andijan etrabynda adamlaryň ýaşaýyş jaýlarynyň 100-e golaýy ýykylýar.
Özbek prezidenti Kerimowyň görkezmesine görä, Andijan etrabynda adamlaryň ýaşaýyş jaýlarynyň 100-e golaýy ýykylýar.
Mundan bir aý öň Özbegistanyň Andijan welaýatyna sapar eden prezident Yslam Kerimowyň görkezmesine görä, Andijan etrabynyň Kuýganýor şäherçesinde adamlaryň ýaşaýyş jaýlarynyň 100-e golaýy ýykylýar. Efirde adynyň tutulmagyny islemedik andijanly bir ýaşaýjynyň sözlerine görä, öz ulagynda geçip barýan prezident bu şäherçäniň giň köçelerinde birnäçe täze görnüşli kottej tipli jaýlary gurmagy teklip edipdir.

Prezident Kerimowyň Andijana saparyndan soň Kuýganýor etrabynyň häkimi şol köçelerdäki jaýlary ýykmagy buýruk beripdir. Ýykylýan jaýlaryň eýelerine maşgalasy bilen Pagtaçylyk institutynyň umumy ýaşaýyş jaýlarynda wagtlaýyn ýaşamak teklip edilipdir.

Azatlyk Radiosy ýykylýan jaýlar bilen gyzyklanyp, Andijanyň ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we ýykmak bilen meşgullanýan birnäçe edaralaryna jaň etdi. Etrapdaky täze gurulýan jaý üçin ilata kredit berýän birnäçe bankyň işgärleri jaýlaryň ýykylmagynyň prezidentiň Andijana sapary bilen baglydygyny tassykladylar.

“Akýap tarapdaky ýoluň ýakasyndaky jaýlary ýykýarlar. Olaryň ýerine kottejleri gurjakmyşlar. 100-e golaý jaýy ýykdylar. Jaýlaryň eýelerine öňünden ýer beripdirler” diýip, bankyň işgäri aýtdy.

Adamlaryň jaýlaryny ýykmak işlerine ýolbaşçylyk edýän Andijan etrabynyň häkiminiň birinji orunbasary Tursunbaý Hojamberdiýew Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde jaýlaryň ýykylýandygyny tassyklady we ýykylan jaýlaryň ýerine 85 sany täze görnüşli jaý gurluşyklarynyň planlaşdyrylýandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, jaýy ýykylan 100-e golaý adamyň öz jaýynyň ornundan guruljak kottejlere göçüp gelmekleri mümkin. Emma munuň üçin ilkinji töleg hökmünde 25 million sum, ýagny 10 müň amerikan dollary töweregi pul tölemeli. Şonça puly bar maşgalalaryň täze kottejlere eýe bolmaklary üçin, olar hasaba alynýarlar.

Kömek çäkli

Häkimligiň resmisiniň sözlerine görä şonça puly bolmadyk maşgalalara-da kömek berilýär, emma ol kömek çäkli. Ýagny, häkimiýetleriň görkezmesine görä, “Uzpagta” senagat kärhanasy jaýy ýykylan adamlardan 13 sanysyny işe kabul edip, olaryň iş hakynyň hasabyndan jaýyň ilkinji tölegini tölemäge ylalaşypdyr.

Andijan etrap häkimliginden alnan maglumata görä, ýaşaýan jaýlary ýykylyp, umumy bahasy 50-60 million sum, ýagny 20-25 müň amerikan dollary töweregi bolan kottejleri satyn almaga razyçylyk berýän maşgalalaryň sany köp däl.

Etrap häkiminiň orunbasarynyň sözlerine görä, jaýlary ýykylýan adamlara hiç hili kompensasiýa berilmeýär, ýagny töleg edilmeýär. Sebäbi kompensasiýa berlen ýagdaýynda ýykyljak jaýlaryň satyn alyndygy bolýar. Onda olar görkezilen puldan has köp pul tölemeli bolýarlar. Şonuň üçin maşgalalara ýykyljak jaýlarynyň gurluşyk materiallaryny täze jaýyna alyp baryp, şol ýerden öz islegine laýyk jaý gurmaga mümkinçilik berilýär.

Häkimligiň resmisi güýz geçip, gyşyň bosagasynda howanyň sowan günlerinde maşgalalara Andijan döwlet oba-hojalyk institutynyň umumy ýaşaýyş jaýyndan wagtlaýyn jaý berilýändigi baradaky maglumaty anyklaşdyrmak islemedi. Emma institutyň administrasiýasy muny tassyklady. Institutyň efirde adynyň tutulmagyny islemedik işgäriniň sözlerine görä, umumy ýaşaýyş jaýynyň iki gaty olar üçin taýýarlanyp goýlupdyr.

Edil şeýle ýagdaýy Andijan welaýatynyň ýene-de birnäçe etraplarynda görmek mümkin diýlip habar berilýär. Golaýda paýtagt Daşkendiň Nowaýy köçesindäki we Farhad bazaryndaky uly söwda ýarmarkalary, ýagny söwdagärleriň dükanlary ýykyldy. Dükanlaryň eýelerine “Malika” fabriginden berlen dükanlar ujypsyz ýeňillikler bilen berlipdir. Ýykylan Nowaýy ýarmarkasynyň ýerinde döwrebap şäherçe guruljakdygy we onuň gurluşygynyň bireýýäm başlanandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG