Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň baş diplomaty Arap Ligasyny aýyplaýar


Düýn Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Moallem Arap Ligasyny Günbataryň elindäki gural hökmünde hereket etmekde aýyplady.

Hususan-da, ol Arap Ligasyny Günbataryň islegine eýerip, Siriýa bilen bagly meseläni BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň garamagyna geçirjek bolmakda tankytlady.

Siriýanyň Arap Ligasyna agzalykdan çykarylmagynyň yzy bilen, geçen hepde Arap Ligasy Siriýadaky gandöküşikligiň bes edilmegini talap edip, bu ýurduň häkimiýetlerine üç gün möhlet beripdi. Bu berlen möhlet şenbe güni tamamlandy.

Şol goýlan talapda daşary ýurtly synçylaryň-da ýurduň içine goýberilmegi şert edilip goýlupdy. Ýöne şu günki güne çenli bu şertleriň berjaý edilýändigi barada hiç hili maglumat alynmady.

Birleşen Milletler Guramasy Siriýadaky protestlerde öldürilen adamlaryň sanynyň 3 müň 500-den hem gowrakdygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG