Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Timoşenko türmeden daşarda bejergi alar


Sişenbe güni Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç häzirki wagt tussaglykda oturan ýurduň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň ýakyn günlerde türmeden daşarda bejergi aljakdygyny aýtdy.

Ol bu barada sişenbe güni Litwanyň prezidenti Daliýa Grybauskaýte bilen geçiren gepleşikleriniň yzýany eden çykyşynda belledi.

Ýakynda wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanyp, 7 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Timoşenkonyň tarapdarlary onuň tussaglykda saglyk ýagdaýynyň örän ýaramazlaşandygyndan alada bildirip gelýärler.
XS
SM
MD
LG