Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda NATO-nyň hüjüminde ýedi adam öldi


Penşenbe güni Owganystanyň hökümet resmileri ýurduň Kandagar welaýatynda NATO güýçleriniň amala aşyran howa hüjüminde parahat ilatdan ýedi adamyň ölendigini habar berdiler. Maglumata görä, şol ölen ýedi adamdan altysy çagalar.

Kandagaryň ýerli etrap häkimi Niýaz Muhammad Sarhadi bu howa hüjüminiň Jeraý etrabynda ýol gyrasynda mina goýýan söweşijilere garşy geçirilendigini aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, wakada parahat ýaşaýjylar bilen birlikde iki sany ýaragly söweşiji hem ölüpdir.

Soňky wagtlar Owganystanda parahat ýaşaýjylaryň ölümi bilen baglanyşykly wakalar owgan hökümeti bilen NATO güýçleriniň arasynda dartgynlylygyň artmagyna sebäp bolup gelýär.
XS
SM
MD
LG