Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň Stambul şaherinde ýaragly adam iki adamy ýaralady


Çarşenbe güni Türkiýäniň Stambul şaherinde bir ýaraglanan adamyň şäheriň merkezinde ot açandygy habar berildi.

“Topkapi” köşgüniň golaýynda bolan bu ok atyşlykda iki adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Ýerli metbugatyň Stambulyň polisiýa bölüminiň ýolbaşçysy Hüseyin Japkine salgylanyp ýaýradan maglumatyna görä, polisiýanyň işgärleri hüjümçini atyp öldüripdirler.

Hüjümçiniň kimdigi we onuň nähili maksat bilen beýle hereket edip biljekdigi barada häzirlikçe anyk maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG