Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Senaty Eýrana garşy sanksiýalary güýçlendirmek isleýär


Penşenbe güni ABŞ-nyň Senaty Eýrana garşy gadaganlyklary güýçlendirmegi biragyzdan makulaldy. Oňa Eýranyň Merkezi banky bilen gatnaşyklary togtatmak hem girýär.

Indi bu dokumende Wekiller öýünde garalar. ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň administrasiýasy kanun çykaryjylary täze gadaganlyklary goldamazlyga çagyrdy. Çünki, ol munuň Amerikanyň birnäçe ýarany bilen gatnaşyklaryna zeper ýetirmeginiň mümkindigine aladalanýar.

Şeýlede, Ak Tam bu çäreleriň nebitiň bahasynyň galmagyna getirmeginiň mümkindigini duýdurýar.

Täze gadaganlyklar Eýrana goýberilýän azyk önümlerine, medisina däri-dermanlara we enjamlara degişli däl.
XS
SM
MD
LG