Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Synçylar Orsýetde saýlaw kanunynyň bozulandygyny aýdýarlar


Häzire çenli sesleriň 96 prosenti sanaldy. Onuň 50 prosent çemesiini “Ýedinaýa Rossiýa” aldy.
Häzire çenli sesleriň 96 prosenti sanaldy. Onuň 50 prosent çemesiini “Ýedinaýa Rossiýa” aldy.
4-nji dekabrda Orsýetde Döwlet Dumasyna geçen saýlawlara gözegçilik eden halkara synçylaryň habar bermeklerine görä, ses berişligiň guramaçylary ýurdy dolandyrýan “Ýedinaýa Rossiýa”partiýasyna amatly şertler döretmäge synanyşypdyrlar.

Synçylar saýlaw baradaky kanunyň bozulandygyny belleýärler.

Saýlawlaryň deslapky resmi netijelerine görä, “Ýedinaýa Rossiýa” partiaýsy ýeňiş gazandy, emma öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, bu partiýany goldaýanlaryň sany azaldy.

Häzire çenli sesleriň 96 prosenti sanaldy. Onuň 50 prosent çemesiini “Ýedinaýa Rossiýa” aldy we bu san 450 orunly Dumada 238 orny saklap galmak üçin ýeterlik.

Duşenbe güni ÝHHG-niň Demokratik gurluşlar we adam hukuklary boýunça edarasynyň synçylarynyň başlygy Heýda Talýawininiň Moskwadaky metbugat konferensiýada aýtmagyna görä, Orsýetde esasy partiýalaryň we döwletiň arasynda ygtyýarlyklaryň bölünişiginiň bolmazlygy alada döredýär.

Waşingtonda Ak tamyň metbugat wekili Jeý Karneý Orsýetde saýlawlaryň geçirilişi barada aladalaryň bardygyny bildirdi.

Şol bir wagtda geçen agşam Moskwada birnäçe müň adam saýlawlaryň netijelerine garşy proteste çykdy. Şonda oppozisiýa lideri Boris Nemsow şeýle diýdi:

Bu Putiniň we onuň ogry-jümrülerden ybarat partiýasynyň derbi-dagyn ediji ýeňilişidir. Olaryň Dumada 238 orun alandygyna we 49,5 prosent ses alandygyna hiç kim ynanmaýar. Biz faktlaryň galplaşdyrylandygy, býulletenleriň sandyklara atylyşy we beýleki bikanunçylyklar barada müňlerçe maglumat aldyk.

Polisiýa Moskwadaky protest wagtynda 300 çemesi adamy tussag etdi.
XS
SM
MD
LG