Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Internetiň tizligi galkynyşy tassyklamaýar


Türkmenabatda “Lebaptelekom” aragatnaşyk kärhanasy tarapyndan açylan internet kafeleriniň dördüsi bar.
Türkmenabatda “Lebaptelekom” aragatnaşyk kärhanasy tarapyndan açylan internet kafeleriniň dördüsi bar.
Lebap welaýatynyň merkezi şäheri Türkmenabatda (öňki ady Çärjew) “Lebaptelekom” aragatnaşyk kärhanasy tarapyndan açylan internet kafeleriniň dördüsi bar. Olaryň hersinde 10-15 kompýuter goýuldy.

Ýöne günüň dowamynda ol ýere barýanlary barmak basyp sanaýmaly. Şäheriň 27 ýaşly ýaşaýjysy Ruslan ýagdaýyň sebäbini şeýle düşündirdi:

—Ilki açylaýanda, ol kafelere barýanlaryň sany kändi. Diňe bir şäher ýaşaýjylary däl, welayatymyzyň uzak obalaryndan-da gelerdiler. Birki sagatlap, nobata durýan halatlarymyzam bolardy. Indi tutuş günüň dowamynda internet kafelerine gelýänleriň sany 10-15 adamdan geçenok. Olar hem internetiň hyzmatyndan peýdalanyp ýörenler däl-de, bir ýere surat ýa hat ibermek mümkinçiliginiň bardygy hakda eşidip, tötänleýin gelýän adamlar. Internet tizliginiň gaty peseldilmegi hemişelik internet ulanyjylaryň ol kafelere barmazlygyna sebäp bolýar. Internet kafeleri täze açylan döwürlerinde tizlik sekundda 80-90 kilobaýt bolan bolsa, häzir 15-20 kilobaýtdan geçenok. Käte ol-da ýitýär.

Internet kafeleriniň biriniň açylan gününden bäri işläp gelýän işgäri şeýle gürrüň berdi:

—2008-09-njy ýyllarda biziň kafemiz her günde 200-300 adama hyzmat ederdi. Häzir ol 10 esse azaldy. Bir sagadyna 6 manat töläp, öz elektron poçtasyny barlap bilmän gidýänler-de bar. Ozal welaýatymyzdaky daşary ýurt kompaniýalarynyň işgärleri-de bize gelerdiler. Tizlik peseleli bäri olaryň-da gelmesi kesildi. Tizligiň peselmeginiň tehniki sebäbi ýok. Resmilerimiz adamlaryň internet hyzmatyndan bökdençsiz, erkin we köpçülikleýin peýdalanmaklaryny islänoklar. Resmileriň “ýurtda internet ýok” diýdiresleri-de gelenok.

Bir müşderi bolsa bu ýagdaýy şeýle beýan edýär:

—“Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy müşderilere mobil-internet hyzmatyny hödürleýär. Şu günler isleg bildirýän her bir müşderä 20 manat tölese, üç gigabaýtlyk kuwwatlykdaky internet hyzmatyny birikdirip berýärler. Ýöne ol hem köp ýerde gowy işlänok. Kadaly işläýende-de, ýary gigeden bärde ondan peýdalanyp bolanok. Internet bilen bagly ýurtdaky häzirki ýadaý öňde biriniň ýüki ulagyň, ulagy-da ýüküň ýanyna eltip bilmän kösenşine meňzeýär. Olaryň ikisinden biri meýliňe tabyn bolmadyk halatynda, ýüki duran ýerinden gozgap bolanok.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem hökümet maslahatlarynda eden çykyşlarynda ýurtdaky aragatnaşyk hyzmatlarynyň ýagdaýyny ençeme gezek tankyt etdi we ýolbaşçylara birnäçe gezek möhlet berdi. Ýöne bu uguruda häzirlikçe göze ilýän ösüş ýok.

Osman Hallyýew Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG