Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabuldaky partlamada onlarça adam heläk boldy


Owgan polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Kabulyň şaýy ybadathanasynda ýüz beren bomba partlamasynda onlarça adam öldi, birnäçesi bolsa ýaralandy.

Bu partlama şaýylaryň Aşura baýramyny bellemäge ybadathana ýüzlerçe adamyň ýygnanyşan wagtyna gabat geldi.

Jenaýat derňew bölüminiň başlygy Mohammad Zahir partlamada azyndan 48 adamyň ölendigini, hem-de 100-den gowrak adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Bu partlama Owganystana kömek bermek barada Germaniýada geçen halkara konferensiýasyndan bir gün söň ýüz berdi. Bu konferensiýada 2014-nji ýyldan soň birnäçe daşary güýçleriň Owganystandan çykmagy bilen ýurda uzak möhletiň dowamynda ýardam bermek barada ylalaşyga gelnipdi.

Germaniýanyň Bonn şäherinde şu gün eden çykyşynda Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý Kabuldaky bomba hüjümini ýazgardy.

Owganystanyň demirgazygyndaky Mazar-i-Şerif şäheriniň şaýy metjidinde hem bomba partlamasy ýüz berdi, azyndan dört adamyň ölendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG