Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-özbek serhedinde temmäki önümleri saklandy


Garaşsyzlyga çykylandan soň, Türkmenistandan kontrabanda ýoly bilen Özbegistana esasan benzin, haly, dürli elektrik enjamlary we gap-çanaklar geçirilýärdi.
Garaşsyzlyga çykylandan soň, Türkmenistandan kontrabanda ýoly bilen Özbegistana esasan benzin, haly, dürli elektrik enjamlary we gap-çanaklar geçirilýärdi.
Orsýetiň “Regnum” habar agentliginiň 5-nji dekabrda ýaýradan maglumatyna görä, Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň döwlet serhedini goramak boýunça komitetiniň işgärleri Özbegistandan Türkmenistana geçirilmegi planlaşdyrylan uly mukdardaky temmäki önümlerini ele salypdyrlar. Bu hakda agentligiň habarçysyna döwlet serhedini goramak boýunça komitetiň metbugat sekretary habar berdi diýip, “Regnum” agentligi ýazýar.

“Regnum” agentliginiň habarynda aýdylmagyna görä, Buhara welaýatyndaky “Alat” atly geçiş punktynda halkara sürüjilerden üç sanysy saklanypdyr. Olardan Türkmenistanda bikanun satmagy planlaşdyrylan 450 million sumluk, ýagny 252 müň dollarlyk temmäki önümleri alnypdyr. Häzir bu iş boýunça derňew işleri alnyp barylýar diýlip, habar berilýär.

Garaşsyzlyga çykylandan soň, Türkmenistandan kontrabanda ýoly bilen Özbegistana esasan benzin, haly, dürli elektrik enjamlary we gap-çanaklar geçirilýärdi. Özbegistandan bolsa Türkmenistana diňe gök önümler geçirilýärdi. Emma soňky döwürde Türkmenistanda temmäki önümleriniň bahasynyň gymmatlamagy hem gytçylygy zerarly Özbegistandan Türkmenistana temmäki önümlerini geçirip başladylar diýip, Alatyň ýaşaýjysy Jelaleddin aýdýar:

—Meniň özüm sentýabrda Türkmenistana geçenimde, 8 ýarym müň suma, ýagny 3 amerikan dollaryna bir blok “Rodopi” çilimini alyp gitdim. Türkmenistanyň bazarynda bir blok çilim 60 amerikan drollaryna durýan bolsa, men öz tanyşlaryma ony 50 dollara satdym. Şondan soň Türkmenistana çilim alyp gidip satýanlaryň sany artdy. Emma häzir Türkmenistan tarapy oňa hem çäklendirme girizipdir.

Şu ýylyň maýyndan ýokarlanyp başlan çilimiň bahasy awgust aýynda rekord derejä baryp ýetdi. Awgustda Türkmenistanda iň arzan çilim 20 manat boldy. “Marlboro” ýaly çilimleriň bir gutusynyň bahasy 30 manada baryp ýetdi. Oktýabrdan çilimleriň bahasy awgust aýy bilen deňeşdirende 20-25% töweregi aşaklady. Emma paýtagt Aşgabatda çilimiň bahasynyň her gün üýtgäp durandygy barada maglumatlar gelip gowuşýar.

Birneme arzanlady

Şu günki gün Türkmenistanda çilimleriň bahasynyň birneme arzanlandygyny Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýew aýdýar:

—Häzir çilimiň bahasy tomusdakydan birneme arzanlady. Ýöne şonda-da çilimiň bahasyna arzan diýip bolmaýar. Çilimiň bahasy 2-2,5 dollardan, tä 5-6 amerikan dollaryna çenli barýar. Çilimiň bahasynyň gymmatlamagy adamlary mahorka, ýagny temmäkä geçmäge mejbur edýär. Çilim ilki gymmatlan döwründe Özbegistandan adam başyna iki blok çilimi geçirmek mümkindi. Bu ýagdaý Özbegistanyň ýaşaýjylary üçin örän amatly bolupdy. Iki blok çilimi Türkmenistanda satsa, ol öz ähli harajatlaryny, ýol çykdajylaryny ödeýärdi. Soňra ony bir bloga getiripdirler. Emma häzirki günde ony dine iki gaba getiripidirler. Iki gap çilim hem olaryň gümrük tölegine ýetýär.

Habarçy Osman Hallyýew häzir Türkmenistandan Özbegistana gap-gaçlaryň, hemra antennalarynyň, elektrik enjamlarynyň, Türkiýeden we Dubaýdan getirilen aýallaryň we erkekleriň geýimlerinin we aýakgaplaryň geçýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Özbegistanyň Horezm welaýatynyň serhetýaka sebitiniň ýaşaýjysy, adam hukuklaryny goraýjy Haýytbaý Ýakubow hem şu günlerde Türkmenistana aýda bir gezek diňe iki gap çilim geçirmegiň mümkindigini tassyklady. Onuň sözlerine görä, Özbegistandan Türkmenistana çilimden başga hywa halylary we gök önümler geçirilýär.

Şu ýylyň maýynda Türkmenistan BMG-niň “Temmäkä garşy göreşmegiň çarçuwaly Konwensiýasyna” birigipdi. Şondan soň ýurtda temmäki önümleriniň bahasy ýokarlanyp ugrady.
XS
SM
MD
LG