Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Malaýziýa resmi saparyna başlady


6-njy dekabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýa resmi saparyna başlap, Kuala Lampura bardy.

Berdimuhamedowy Malaýziýanyň paýtagtyndaky uçar meýdanda ýurdyň daşary işler ministri Anifah Aman we beýleki hökümet wekilleri garşyladylar diýip, türkmen metbugaty ýazýar.

Berdimuhamedow Malaýziýanyň patyşasy Mizan Zaýnal al-Mustafi Billa Şa we premýer-ministr Mohd Anjip Tyn Abdul Razak bilen duşuşar.

Berdimuhamedowyň Malaýziýada geçirjek gepleşiklerinde ykdysady, ýangyç-energetika, söwda, maýa goýumlar, transport we aragatnaşyk barada gürrüň ediler.

Bu duşuşyklarda ikitaraplaýyn dokumentlere gol goýuljakdygyny türkmen metbugaty habar berýär.
XS
SM
MD
LG