Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ele salnan pilotsyz uçaryň wideosyny görkezdi


Pilotsyz uçaryň suraty 8-nji dekabrda Eýranyň Rewolýusiýa sakçylarynyň resmi websaýtynda hem çap edildi.
Pilotsyz uçaryň suraty 8-nji dekabrda Eýranyň Rewolýusiýa sakçylarynyň resmi websaýtynda hem çap edildi.

Eýranyň telekanaly ýurduň territoriýasynda pilotsyz harby uçaryň ele salnandygy barada wideo sýužet görkezdi. Tähran bu pilotsyz uçaryň Birleşen Ştatlara degişlidigini aýdýar. ABŞ-nyň resmileri ýurduň bir harby uçarynyň ýitendigini tassyklaýarlar, ýöne onuň nähili ýitirim bolandygyny sorag astynda goýýarlar. Bu uçarda juda gizlin amerikan tehnologiýasynyň bolandygy aradan aýrylmaýar.


Eýranyň telekanalynda görkezilen wideo sýužetdäki şekiliň ABŞ-nyň razwedka gullugynyň gije gözegçilik edýän uçarynyň bolmagynyň ähtimaldygy aýdylýar. Wideoda Eýranyň harby geýmindäki iki sany adamyň ýerganata meňzeş kiçi uçary elläp durandyklary görkezilýär. Olaryň biri beýlekisine uçaryň ganatyna yşarat edýär.

Wideoda uçaryň aşagyndaky “ABŞ nälet işi edip bilmeýär” diýen ýazga üns çekilýär. Bu ýakynda Eýranyň ozalky ýokary derejeli ruhany lideri Aýalollah Rouhollak Homeýniniň aýdan sözleri.

Uçaryň suraty 8-nji dekabrda Eýranyň Rewolýusiýa sakçylarynyň resmi websaýtynda hem çap edildi.

Eýranyň ele salyndy diýýan uçary uzak wagtlap ABŞ-a duşmançylykly garaýan režim üçin ägirt uly propoganda baýragy bolup biler. “Wall Street Journal” neşiriniň maglumatyna görä, bu Amerikanyň gizlin harby tehnologiýasynyň altyn zapasy hasaplanýanlygy sebäpli, ABŞ-nyň resmileri Eýrana baryp, ýere gaçan uçary alyp gaýtmak meselesini hem orta atypdyrlar. Emma bu operasiýanyň gaty howpludygy sebäpli ol ret edildi.

Amerikan resmileri özlerine degişli bir uçaryň ýitendigini boýun alýarlar. Ýöne anna güni Pentagonyň sözçüsi bular ýaly mesele barada amerikan resmileriniň gürrüň etmejekdiklerini žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, “New York Times” neşiriniň ýazmagyna görä, ABŞ-nyň resmileri bu mesele barada gysgaça maglumat beripdirler. Resmiler RQ-170 "Sentinel" uçarynyň Eýranyň ýadro nokatlaryndan maglumat toplamak üçin gizlin programmanyň merkezinde durýandygyny aýdýarlar.

ABŞ Tähranyň ýadro ýaragyny gizlinlikde döredýändigine ynanmak bilen Eýran barada gizlin maglumatlary toplamak üçin birnäçe ýyllaryň dowamynda emeli hemralary ulanyp gelýär.

RAND Korporasiýasynyň harby analitigi Jeýson Kampbel RQ-170 pilotsyz uçarynyň täze we deňi-taýy bolmadyk mümkinçiliklere eýe bolup, gizlin maglumat toplamak işini täze derejä ýetirendigini aýdýar:

—Aňtaw işleri nukdaý nazaryndan seredeniňde bu gaty ýokary giňişlikde uçup bilýär. Ol howada birnäçe sagatlap durup bilýär. Onuň köp dürli duýgur sistemasy bar. Ol elektronik maglumatlary gabatlap kabul edip bilýär. Ol howanyň düzüminde haýsydyr bir himiki ýa-da başga bir adaty bolmadyk jisimiň barlygyny ýa-da ýoklugyny anyklamak üçin howadan material alyp bilýär. Şeýle hem ol ýerden doly hereketdäki wideony surata düşürip bilýär. Adaty suratdan tapawutlylykda, onuň kömegi bilen gelip gidýän adamlary ýa-da beýleki hereketleri görüp bolýar. Bular ýaly operasiýany adaty hemra bilen edip bolmaýar.

Bu mümkinçilikleri başarýan enjamy Eýranyň we onuň goňşulary Hytaýyň we Orsýetiň öwrenip, onuň nusgasyny edinmek howpunyň bardygy aýdylýar. Analitikleriň aýtmaklaryna görä, bu täsin uçaryň radar mümkinçilikleri Pekinde we Moskwada öndürilen enjamlaryňkydan has güýçli hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG