Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban”: Owganystandaky uruşda ABŞ ýeňilýär


“Talyban” penşenbe güni “halkara güýçleri hatda bir prosent hem üstünlik gazanyp bilmedi” diýip, Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Leon Panettanyň Amerika Owganystandaky on ýyllyk uruşda ýeňýär diýen sözlerini ret etdi.

“Talybanyň” sözçüsi Zabihullah Mujahid hakykatda pitneçiler güýçlenýär diýdi.

Panetta çarşenbe güni Owganystanda bolup, ABŞ-nyň goşunlaryna “Biz dogry ugurdan barýarys we bu dartgynly konfliktde ýeňýäris” diýipdi.

Waşington geljek ýylyň aýagyna çenli bu ýurtdan ýene 33 müň esgerini yzyna çykarmakçy we esasy roluny owgan howpsuzlyk güýçlerine tälim bermäge gönükdirmekçi.

Owganystandaky daşary ýurt esgerleriniň söweşiji bölümleriniň ählisi 2014-nji ýylyň aýagynda bu ýurtdan çykarylmaly. Ýöne milli goşuna tälim missiýasynyň haçan soňlanjakdygy aýdylmaýar.

Häzir Owganystanda 140 müň çemesi daşary ýurt esgeri bar.
XS
SM
MD
LG