Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidentligine kandidatlar hödürlendi


Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Rejep Bazarow, “Lebapderýaýollary” edarasynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Rozygeldi Rozygulyýew, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň häkimi Myratgeldi Jumageldiýew Türkmenistanyň prezidentligine kandidat hökmünde hödürlendi.

Resmi Aşgabadyň habar bermegine görä, Rejep Bazarowyň kandidatlygy ýurduň oba-hojalyk işgärleri tarapyndan, Rozygeldi Rozygulyýew bilen Myratgeldi Jumageldiýewiň kandidatlygy bolsa inisiatiwa toparlary tarapyndan öňe sürlüpdir.

Kandidatlaryň hödürlenmegi boýunça geçirilen duşuşyklar “açyk-aýdyň ýagdaýda geçirilip, ýurduň raýatlaryna öz Konstitusion hukuklaryny doly berjaý etmäge şert döretdi” diýip, TDH habar berýär.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary” baradaky kanuna laýyklykda, hödürlenen döwlet işgärleriniň saýlawlara dalaşgär hökmünde gatnaşyp bilmegi üçin, kandidatlary öňe süren inisiatiwa toparlary ýurduň etraplarynyň we şäherleriniň 30 prosentinden dalaşgärleri goldaýan azyndan 10 müňe golaý gol toplamaly.
XS
SM
MD
LG