Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Genosidi inkär etme boýunça fransuz kanuny Türkiýäniň gaharyny getirdi


France -- People wearing the Turkish flag take part in a rally next to the French National Assembly in Paris, 22Dec2011
France -- People wearing the Turkish flag take part in a rally next to the French National Assembly in Paris, 22Dec2011
Fransiýada ýaşaýan müňlerçe türkler 22-nji dekabrda Fransiýanyň we Türkiýäniň baýdaklaryny galgadyp, genosidi inkär etme kanunyna ses berişlikden öň parlamentiň aşaky öýi – Milli ýygnagyň öňünde protest geçirdi. Ýöne bu demonstrasiýa parlamentçilere ol diýen täsir etmän, taslama aňsatlyk bilen kabul edildi.

Walerie Boýer
Walerie Boýer
Ses berişlikden soň bu taslamany ýola goýan Walerie Boýer onuň möhümdigini nygtady:

—Genosid barada bu ses berişlik zerurdy. Bu fransuz kanunynda ykrar edilen zat. Şeýlelikde biz bu jenýatlaryň bolandygyny inkär edip, olara dil ýetirýän adamlary kanuny taýdan jezalandyryp bilýäris.

Bu kanun boýunça fransuz döwleti tarapyndan ykrar edilen haýsy hem bolsa bir genosidi inkär eden adama bir ýyla çenli türme tussaglygy bilen 58 müň dollar jerime garaşýar.

Türkiýe bu ses berişlige şol bada özüniň Fransiýadaky ilçisini yzyna çagyrmak bilen jogap berdi. Premýer-ministr Rejep Taýýip Erdogan ozal bu iş iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara agyr zyýan ýetirer diýip, duýduryş beripdi.

Bu kanuny Türkiýäniň ermeni azlygynyň ýolbaşçylary-da tankytladylar. Türkiýedäki esasy ermeni gazeti “Agosyň” synçysy we öňki redaktory Etýan Mahjupýan Fransiýanyň kanun çykaryjylarynyň bu kararyny ýazgaryp, şeýle diýdi:

—Bu, dogrudanam, manysyz zat. Sebäbi bu bir ermeni üçin ahlaky zat däl. Ermeni hökmünde men genosidiň ykrar edilmegini ýa-da taryhy faktlary isleýärin. Ýöne mümkinçilikleriň ýok ýerinde ony kabul etmegiň ähmiýeti ýok. Beýleki tarapdan bolsa, men türk hökümetiniň reaksiýasyny-da ýerlikli bir zat hasap edemok. Olaryň muňa beýle çynlakaý garamagyna geň galýaryn.

Ankaranyň Fransiýanyň garşysyna ençeme diplomatik we ykdysady sanksiýalary girizmegine garaşylýar. Türk ministrleri fransuz kompaniýalary muňa agyr baha tölemeli bolar diýip, duýduryş berdiler.

Töwekgelçilige atylan bähbitler

Türkiýäniň "Milliýet" gazetiniň diplomatik habarçysy Semih Idiz Fransiýanyň Türkiýede zyýana uçramagy mümkin bähbitleriniň käbirini agzaýar:

—Türkiýede strategik maýa goýuş babatda, ýadro elektrostansiýasynda, termal elektrostansiýasynda, ýokary tizlikli otly proýektlerinde we ýene şular ýaly zatlarda fransuz kompaniýalary gyrakladylar.

Pariž bolsa muňa meňzeş hereketler Ýewropa Bileleşiginiň gümrük bileleşigi ýaly Türkiýe tarapyndan gol çekilen halkara söwda ylalaşyklaryny çäklendirer diýýär.

Ankara özüniň Pariž bilen bolan diplomatik gatnaşyklarynyň ählisini togtadyp biljekdigini duýdurdy.

Türkiýäniň öňki ilçisi, Kültür uniwersitetinde halkara gatnaşyklary boýunça professor Murat Bilhanyň pikiriçe, bu iş Orta Gündogaryň ýagdaýyna täsir eder:

—Türk we fransuz hökümetleriniň arasyndaky strategik gepleşikleriň, şeýle hem dürli ugurlarda bolýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky duşuşyklaryň duruzylmagy mümkin. Mysal üçin, Siriýa ýa Orta Gündogara degişli beýleki meselelerde Türkiýäniň Fransiýa bilen indi hyzmatdaşlyk etmegi halamazlygy mümkin.

Erdogan Sarkozini geljek ýyl prezidentlige gaýtadan saýlanmak üçin bu kanuny ulanýanlykda aýyplaýar.
Erdogan Sarkozini geljek ýyl prezidentlige gaýtadan saýlanmak üçin bu kanuny ulanýanlykda aýyplaýar.
Fransiýanyň parlamenti ermenileriň 1915-nji ýylda Osmanly hökümdarlary tarapyndan köpçülikleýin öldürilmegini 2001-nji ýylda genosid diýip ykrar etdi. Türkiýede bu san jedelli bolsa-da, taryhçylar 1,5 million ermeniniň öldürilendigini aýdýarlar.

Ankara genosidi ret edip, bu adamlaryň, şol sanda türkleriň-de öldürilmegi, içerki agzalalyk netijesinde bolan zat. Bu meseläni çözmeli syýasatçylar däl-de, taryhçylar diýýär.

Türkiýe bilen Fransiýanyň arasyndaky gatnaşyklar prezident Nikolýa Sarkoziniň Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine goşulmagyna garşydygy sebäpli bu kanun kabul edilmezinden öň hem öwerlik däldi.

Türkiýäniň tankytlarynyň köpüsi fransuz prezidentiniň garşysyna gönükdirilýär. Premýer-ministr Erdogan ony geljek ýyl prezidentlige gaýtadan saýlanmak üçin bu kanuny ulanýanlykda aýyplaýar. Prezidentlik saýlawlary Fransiýada geljek ýyl geçmeli. Bu ýerdäki ermenileriň sany hem 500 müň töweregi. Şol sebäpden olaryň sesi saýlawlarda möhüm hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG