Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Şukeýew “Samruk-Kazynanyň” başlygy boldy


Şu gün Gazagystanyň prezidentiniň permany bilen ýurduň iň baý “Samruk-Kazyna” atly döwlet fondunyň başlygy wezipesine premýer-ministriň orunbasary Umirzak Şukeýew bellenildi.

Prezident N.Nazarbaýew bu wezipä soňky birnäçe ýyl bäri ýolbaşçylyk edip gelen öz giýewisi Timur Kulibaýewi geçen hepde ýurduň günbatar regionynda ýüz beren ganly çaknyşyklaryň yzy bilen, bu wezipeden boşadypdy.

Timur Kulibaýew soňky wagtlar prezident Nazarbaýewiň oruntutary boljak in esasy kandidat hasaplanylyp gelinýärdi.

Onuň ýolbaşçylyk eden “Samruk-Kazyna” fondy ýurduň “KazMunaýGaz” kompaniýasynyň-da ýeke-täk eýesi bolup durýar. Bu energiýa kompaniýasynyň müňlerçe işgäri şu ýylyň maý aýyndan bäri iş taşlaýyşlyk yglan edip gelýär.
XS
SM
MD
LG