Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak polisiýasy gynamalarda aýyplanýar


Gazak polisiýasy ýurduň Žanaozen şäherinde geçirilen protestler mahalynda, 18-nji dekabr.
Gazak polisiýasy ýurduň Žanaozen şäherinde geçirilen protestler mahalynda, 18-nji dekabr.
16-njy dekabrda Gazagystanyň günbataryndaky Žanaozen şäherinde ganly tolgunşyklar ýüz berýän mahaly, Asem Kenžebaýewa garaşylmadyk ýagdaýda şäher polisiýasynyň binasynyň ýerzeminine salyndy.

21 ýaşly Asem Kenžebaýewa şol gün öýünden giden kakasynyň gözlegine çykypdy, emma mundan soň gyz öýüne dolanyp gelmedi.

Kenžebaýewa özüniň şol gün başdan geçirenlerini şeýle gürrüň berdi:

—Gije sagat onlarda men kakamy gözläp ýördüm. Birdenkä-de polisiýa işgärleri meni keselhananyň golaýynda sakladylar. Şol gün polisiýa köçede görnen her bir adamy tussag edýärdi. Olar meni polisiýa binasynyň ýerzemine eltip taşladylar.

Ýerzemindäki ezýet

Kenžebaýewanyň sözlerine görä, ol ýere eltilen onlarça adam gynamalara we zorluklara sezewar edilipdir. Ol bu barada şeýle diýdi:

—Meni ol ýerde ençeme sagatlap sakladylar. Gözümiň öňünde elhenç zatlar bolup geçýärdi. Ol ýerde köp adam bardy. Emma tümlik sebäpli men olaryň ýüzlerini saýgaryp bilmedim.

Kenžebaýewanyň gürrüň bermegine görä, onuň ýanyna ýerleşdirilen bäş-alty gyzy çyr-çyplak ýalaňaçlapdyrlar. Polisiýa hem olary aýak üstünde durmaga mejbur edipdir. Kenžebaýewa şeýle diýdi:

—Çüňkde başga-da birnäçe gyz durdy. Ýüzi maskaly adamlar rezin taýaklar we kemerler bilen olaryň dyzlaryna urýardy. Mundan soň olar gyzlary saçyndan çekip, başga bir otaga süýräp äkitdiler. Soňra-da ol ýerden gyzlaryň zaryn sesleri eşidildi.

Asem Kenžebaýewa özüniň hem urlandygyna garamazdan, her niçigem bolsa, namysyna degilmändigine şükür edýändigini aýtdy.

—Olar meniň çanaklygyma urdular, meni bogdular. Ýüzi maskaly bir adam menden “şu wagt getirildiňmi?” diýip sorady. Men “hawa” diýdim. Men olaryň meniň hem eginbaşlarymy sypyryp, ýalaňaç halda goýmaklaryndan diýseň gorkdum. Ol adam başga bir ýüzi maskaly adama ýüzlenip, meni ýokarky gata eltmegini sorady. Olar meni sorag edilýän ýere getirdiler. Men eger-de olar meni yzyma – ýerzemine äkitsiler, ol ýerden hiç çykarylmajakdygyma göz ýetirýärdim. Men edaranyň başlygyndan meni goýbermegini haýyş etdim. Daňdan sagat dörtler töweregi meni çykardylar.

Täsin özgeriş

Mundan soň, Kenžebaýewa ýerli hökümet resmileriniň ýanyna baryp, özüniň gören elhençliklerini gürrüň berdi. Emma bir hepdä golaý wagt geçensoň, haçan-da ol degişli resmiler bilen özüniň saklanan polisiýa edarasyna baranda ol ýerdäki gören zatlaryna diýseň geň galandygyny aýtdy:

—Haçan-da polisiýa işgärleri bize ýerzemini görkezenlerinde men tas huşumdan gidipdim. Meniň şaýat bolan zatlarym edil bolmadyk ýalydy. Ýerzemin edil keselhananyň otagy derjesinde tämizdi. Polisiýanyň ofiserleri ol ýerde hiç zadyň bolmandygyny aýdýardylar. Ýerzeminde tussag edilen adamlaryň, şol gyzlaryň yzy hem ýokdy. Emma meniň ol ýere ýerleşdirilen günüm ýerzeminde urlan adamlaryň gany çaýkanyp durdy. Men şol adamlaryň, aýallaryň, ýaş gyzlardyr oglanaryň ykbaly barada pikir edýärin. Olara näme boldukda? Olar nirä äkidildikä?

Asem Kenžebaýewanyň kakasy iki güni geçirip, ýagny 18-nji dekabrda öýüne dolandy. Bazarbaý Kenžebaýew özüniň polisiýa işgärleri tarapyndan tussag edilendigini, soňra bolsa polisiýanyň binasynyň maşyn duralgasynda saklanandygyny gürrüň berdi. Ol juda elhenç görnüşde ýenjilipdir.

Bazarbaý Kenžebaýewiň maşgalasy ony dessine keselhana ýerleşdirdi. Emma, Asem Kenžebaýewanyň aýtmagyna görä, onuň kakasy bir hepdä ýetmän, ýaralary sebäpli ýogalypdyr.
XS
SM
MD
LG