Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen studentleri “Domodedowoda” kösenýärler


Azatlyk Radiosyna 27-nji dekabrda gowşan maglumatda Täze ýyl baýramçylygy bilen bagly dynç alşa çykan türkmen studentleriniň, öýlerine gaýdyp bilmän, birnäçe günüň dowamynda Moskwanyň “Domodedowo” aeroportunda kösenýändikleri barada habar berildi.

Maglumata görä, bu kynçylyk studentleriň Türkmenistandan satyn alan biletleriniň açyk möhletli bolandygy, biletiň gaýdyşyn wagtyny kesgitletmek üçin pul tölemeli bolýandyklary sebäpli ýüze çykypdyr.

Bu mesele bilen bagly Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky habarçysy Gözel Hudaýberdiýewa “Domodedowo” aeroportuna baryp, studentleriň häzirki ýagdaýy bilen gyzyklandy. Gözel bu barada şeýle gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Gözel, studentleriň ýagdaýy nähili? Olara Türkmenistana gaýtmaga mümkinçilik döredilýärmi?

Gözel Hudaýberdiýewa: Men “Domodedowo” aeroportuna Moskwa wagty bilen öýlän sagat 14-de geldim. Şu ýerde “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň kassasynyň ýanynda diňe iki student bardy. Häzir ýene birnäçe student gelip, olaryň sany 6 adama baryp ýetdi.

Kassanyň işgäriniň aýtmagyna görä, beýleki studentler Türkmenistandan iberilen ýörite uçar bilen ir sagat 7-de Türkmenistana ugradylypdyr.

Studentleriň käbirleriniň bron almak üçin zerur bolan serişdesi ýok, hatda suw, çörek satyn almaga pullary ýok. Şeýle ýagdaýda olar ene-atalaryna jaň edip, öýlerinden pul ibermegi sorasalar hem, “Domodedowo” aeroportunda “Western Union” ýa-da bolmasa “Kontakt” ýaly tiz pul geçirýän edaralaryň bölümleri ýok.

Kassanyň işgäri, uçarda ýer bolmansoň birnäçe gün garaşmaly bolan studentleriň suw, iýmit bilen üpjün edilmeýändigini aýtdy. Sebäbi, düzgüne görä, diňe belli bir sebäplere görä, uçaryň reýsi ýatyrylan halatynda “Türkmenhowaýollary” ýolagçylary zerur zatlar bilen üpjün etmäge borçly. Ýagdaý, ynha, şeýle.

Azatlyk Radiosy: Gözel, 27-nji dekabrda “Domodedowada” 100-e golaý studentiň Türkmenistana baryp bilmeýändikleri habar berildi. Şeýle kynçylyklaryň ýüze çykmagyna näme sebäp boldy?

Gözel Hudaýberdiýewa: Birinjiden, aeroportda studentleriň ýygnanyşandygyny kassanyň işgärleri bilen bir hatarda Moskwada okap ýören studentler hem telefon arkaly tassykladylar. Habar berlişine görä, kynçylyk çekýän studentler Moskwanyň özünde däl-de, Orsýetiň beýleki şäherlerinde okaýan studentler.

Bu kynçylyk bolsa, studentleriň Türkmenistandan satyn alan biletleri açyk möhletli bolansoň, yzyna dolanmagy üçin gaýtjak wagtlarynyň kesgitlenmeginiň zerurlygyndan gelip çykýar. Şeýle mümkinçilik diňe Moskwada okaýan studentlerde bar. Sebäbi Moskwanyň “Poweletskaýa” wokzalynda hem “Domodedowo” aeroportunda kassalar bar. Emma Orsýetiň beýleki şäherlerinde “Türkmenhowaýollarynyň” kassalary ýok.

Azatlyk Radiosy: Bize gowşan maglumatda studentlere Türkmenistana gaýtjak wagtyny kesgitlemek üçin goşmaça pul tölemeli diýilýar. Bu şeýlemi?

Gözel Hudaýberdiýewa: Açyk möhletli bileti ulanmak üçin oňa bron etdirmeli. Bronuň bahasy bolsa resmi taýdan 300 rubl. Ýagny, uçarda ýer bolsa, 300 rubl ($10 töweregi) töläp, bron etdirmeli. Ýöne, studentleriň maňa gürrüň bermeklerine görä, uçarda ýer ýok diýlende hem goşmaça pul tölän studentlere ýer tapylypdyr.

Kassanyň işgäriniň aýtmagyna görä, brony telefon arkaly hem etdirip bolýar. Emma, studentleriň aýtmagyna görä, olar kassa jaň edenlerinde, diňe 16-njy ýanwardaky uçara ýer bardygyny aýdypdyrlar. Studentler bolsa dynç alşa çykyp, täze ýyly öýlerinde garşy almak isleýärler. Ýagny, şonça wagt garaşmaga olarda mümkinçilik ýok.

Şeýle ýagdaýyň ýylyň-ýyly gaýtalanýandygyny, hem tomus dynç alşyň, hem gyşky baýramçylyklaryň öňüsyrasynda ýüze çykýandygyny kassanyň işgärleri-de, studentler-de tassykladylar.
XS
SM
MD
LG