Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Owganystanyň söwda ministrini kabul etdi


Çarşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň söwda we senagat ministri Anwar ul-Hak Ahadi bilen Aşgabatda gepleşik geçirdi.

Gepleşikde taraplar Türkmenistan bilen Owganystanyň söwda-ykdysady, elektroenergiýa, transport we medeni-gumanitar pudaklardaky hyzmatdaşlyklaryny ösdurmek meseleleri barada pikir alyşdylar.

Bu gepleşikde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz proýektiniň gurluşygy bilen bagly meseleleriň aýratyn üns merkezinde bolandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG