Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen studentleriniň uçuş kynçylygy nämeden döredi?


“Domodedowo” aeroportunda, 29-njy dekabr.
“Domodedowo” aeroportunda, 29-njy dekabr.
Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky habarçysy Gözel Hudaýberdiýewa bu günem Moskwanyň “Domodedowo” aeroportuna baryp, ol ýerdäki türkmen studentleriniň ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Gözel Hudaýberdiýewa: Şu gün düzgüne görä, ir 7:05-de uçmaly uçara münmekçi bolan 35 çemesi adamdan hiç biri ol uçara münüp bilmedi. Uçar biraz giç geldi. Şonuň üçunem ol Aşgabada bellenen wagtyndan 2,5 sagat giç gitdi. “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň wekilleriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, uçarda ýekeje adamyň münmegine-de ýer bolmandyr.

Azatlyk Radiosy: Şol 35 adamyň hemmesi studentmi?

Gözel Hudaýberdiýewa: Aglaba bölegi studentlerdi, emma uly adamlaram bardy. Olaryň köpüsi gyssagly ýagdaýda Aşgabada gitmek zerurlygynyň dörändigini aýtdylar. Elbetde, garaşýan ýolagçylaryň köpüsi studentlerdi.

Azatlyk Radiosy: Şu ýagdaýy çözmek üçin, belli bolşuna görä, 28-nji dekabrda “Türkmenhowaýollary” ýörite reýs gurnap, ýüze golaý adamy äkitdi diýip, habar beripdiň. Şu gün ýene 35-e golaý adam ýygnanyşdy diýýärsiň. “Türkmenhowaýollary” ýene bir goşmaça reýs gurnap bilmeýärmi?

Gözel Hudaýberdiýewa: “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň Moskwadaky wekilleriniň käbiriniň aýtmagyna görä, 28-nji dekabrda irden adaty reýsden daşgary ýörite uçar iberilip, ozalky uçarlara münüp bilmedik ýolagçylary alyp gidipdirler. Olar jemi 120 adam töweregi. Beýleki gidip bilmedik ýolagçylar barada aýdylanda, “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň Aşgabatdaky işgärleriniň aýtmagyna görä, şu gün şeýle reýs göz öňünde tutulmaýar. Şeýle reýsiň iberilp-iberilmezligi nämä bagly diýip sorasam, şertli ýagdaýa hem zerurlyga bagly, ykdysady bähbitlere bagly diýdiler. Şeýle-de bu Orsýet tarapynyň goşmaça uçary kabul etmäge rugsady ýa razylygy bilen bagly diýip düşündirdiler. Beýleki bir mesele, “Türkmenhowaýollarynyň” maglumatyna görä, iň ýakyndaky reýs 9-njy ýanwarda bolar. Ondan bärdäki hiç bir reýse bilet ýok.

Azatlyk Radiosy: Studentler wagtynda hereket eden bolsalar, şu dörän kynçylyklary öňünden çözüp bolarmydy? Bu barada degişli resmileriň hem studentleriň pikirleri bilen gyzyklanyp gördüňmi?

Gözel Hudaýberdiýewa: “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň işgärleri ençeme gün bäri şunça adamyň toplanmagynyň ýolagçylaryň biletlerinde uçuş wagtynyň goýulmandygy bilen baglydygyny aýdýarlar. Olar biletlerinde şeýle wagt görkezilen ýolagçylaryň päsgelçiliksiz uçara münmäge mümkinçilikleriniň bardygyny, olaryň hiç bir kynçylyk çekmeýändigini gürrüň berdiler.

Studentleriň aýtmagyna görä bolsa olar uçjak wagtyny öňünden bilmändirler. Sebäbi köpler ekzamene rugsat almakçy, köpler zaçýot tabşyrmakçy. Ýokary okuw jaýlarynda ekzamenleriň başlanmagyna 1-2 hepde wagt bar. Orsýetiň çetki regionlarynda okaýan ýaşlar bolsa özlerinde biletlerine wagt goýdurmak üçin hiç hili mümkinçiligiň ýokdugyny aýtdylar. Sebäbi olaryň okaýan şäherlerinde “Türkmenhowaýollarynyň” bölümi ýok. Şeýle brony internet arkaly hem edip bolmaýar. Olaryň sözlerine görä, telefon arkaly hem öňünden wagt kesgitlemek mümkin däl. Käbir ýolagçylaryň sözlerine görä, bron almak kynçylygy mundan iki hepde öň başlanypdyr. Eýýäm şol döwürde häzirki günlere bron almak mümkin däldi diýip, gürrüň berdiler.

Azatlyk Radiosy: Baýramçylyklarda ýa-da tomusky dynç alyş döwründe şeýle ýagdaýyň köp ýüze çykýandygyny aýtdyň. “Türkmenhowaýollary” şu ýagdaýy bilýän bolmaga çemeli, Baýramçylyklar döwründe, ýolagçylaryň köpelýän wagtynda bu meseläni çözmek üçin, “Türkmenhowaýollary” çäre görjek bolýarmy? Şu mesele bilen gyzyklanyp gördüňmi?

Gözel Hudaýberdiýewa: Hawa. Maňa mälim bolşuna görä, “Türkmenhowaýollarynyň” möwsümleýin raspisaniýe düzgünleri bar. Meselem, tomus Moskwa-Aşgabat arasynda günde iki uçar gatnaýar, gyş möwsüminde bolsa, bir uçar. Emma şu sapar dekabryň 20-den başlap, “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň adatdaky 140 çemesi adamlyk uçaryny has uly uçara çalşandygyny kompaniýanyň işgärleri aýtdylar. Maňa aýdyşlaryna görä, häzirki wagtda Moskwa bilen Aşgabat arasyndaky gündelik reýsleri 190 adamlyk uly uçar amala aşyrýar.
XS
SM
MD
LG