Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Müsürde HAG-a garşy edilen reýdlere alada bildirdi


Müsürde daşardan maliýeleşdirilýän, hökümetden aýry guramalaryň edaralaryna howpsuzlyk güýçleriniň geçiren reýdinden soň, ABŞ bu ýagdaýlara özüniň çuňňur aladasyny bildirdi.

Döwlet departamentiniň metbugat wekili Wiktoriýa Nuland müsür resmilerini hökümete degişli bolmadyk guramalara “azar bermegi” bes etmäge çagyrdy.

Müsüriň harbylary bu guramalaryň nähili maliýeleşdirilýändigini seljermäge söz berdiler. Şeýle-de harbylar ýurduň içerki işlerine daşardan goşulmaklaryna ýoluň berilmejekdigini hem duýdurdylar.
XS
SM
MD
LG