Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Hronika Turkmenistana” Hormat hatyndan ýüz öwürdi


28-nji dekabrda “Hronika Turkmenistana” neşirine onuň GDA ýurtlarynyň Ýaşlar geňeşi tarapyndan Hormat haty bilen sylaglanandygy barada maglumat gowuşdy. Maglumatda aýdylmagyna görä, olara hormat haty garaşsyz žurnalistikany ösdürmek ugrunda alyp barýan işleri üçin berlipdir.

Hormat haty bilen sylaglananlaryň arasynda "Türkmenistan. Altyn asyr" döwlet saýty hem bar.

“HronikaTurkmenistana“ saýtynyň redaksiýasy özleriniň alyp barýan işine ýokary baha berlip, Hormat haty bilen sylaglanandyklaryna minnetdarlyk bildirdi, ýöne ony kabul edip bilmejekdigini hem aýtdy.

Onuň sebäpleri barada Azatlyk Radiosy adam hukuklaryny goraýjy "Türkmen inisiatiwasy" toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin “Hronika Türkmenistana” neşiri hormat hatyny almakdan ýüz öwürdi?

Farid Tuhbatullin: Birinjiden, bu Hormat haty garaşsyz žurnalistikany ösdürmekde alnyp barylýan işler üçin berilýär diýilýär. Sylaglanýanlaryň arasynda Türkmenistanyň döwlet saýty hem bar. Mälim bolşy ýaly, bu saýt garaşsyz žurnalistikany ösdürmek üçin däl-de, ony ösdürmezlik ugrunda iş alyp barýar. Şeýle saýtlar bilen bizi bir hatarda goýmaklaryny özümize hormatsyzlyk we bizi masgaralamak diýip düşünýäris.

Azatlyk Radiosy: Siziň Hormat hatyny almakdan ýüz öwürmegiňize olar tarapdan nähili reaksiýa boldy?

Farid Tuhbatullin: Men bu maglumaty alan adresime hat ýolladym. Emma olardan hiç hili jogap bolmady. Belki, täze ýyl baýramyndan soň jogap geler.

Azatlyk Radiosy: Hormat hatyna mynasyp bolan beýleki saýtlar barada nähili pikir edýärsiniz?

Farid Tuhbatullin: Hormat hatyna mynasyp diýilýän beýleki saýtlaryň arasynda “Gündogar” neşiri hem bar. Şony men bu sylaga mynasyp diýip bilerin. Emma "Türkmenistan. Altyn asyr" saýtyny we "Türkmenistan.ru" internet gazetini beýle Hormat hatyna mynasyp hasaplamaýaryn. Biz bu saýtlary nähili ölçeglere we nähili prinsiplere görä saýlandyklaryna düşünmedik.
XS
SM
MD
LG