Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Timoşenko Harkow şäheriniň aýallar türmesine geçirildi


Anna güni Ukrainanyň türmelere gözegçilik ediji döwlet gullugy tussaglykdaky ýurduň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň Kiýewden Harkow şäheriniň aýallar türmesine geçirilendigini mälim etdi.

Timoşenkonyň «Batkiwşina» atly syýasy partiýasynyň resmileri onuň anna güni irden Harkowa ugradylan wagty maýyplaryň arabasynda maşyna ýüklenendigini aýdýarlar. Olaryň aýtmaklaryna görä, Timoşenko özüniň oňurga keseli zerarly häzirki wagt aýak üstünde erkin ýöräp hem bilmeýär.

Şu ýylyň oktýabrynda Ukrainanyň sudy Ýuliýa Timoşenkony ýurduň hökümetine ýolbaşçylyk eden ýyllarynda wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplap, 7 ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi.
XS
SM
MD
LG