Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda aýlyk haklary 20% ýokarlanar


Özbegistanyň prezidenti Islam Karimow Täze 2012-nji ýyl mynasybetli ýurduň halkyna ýollan gutlag hatynda 2012-nji ýylda adamlaryň umumy girdejileriniň 22-24% ýokarlandyryljakdygyny wada berdi. Onuň sözlerine görä, 2012-nji ýylda döwlet edaralarynda we kärhanalarynda işleýänleriň aýlyklary, pensiýalar, stipendiýalar we sosial kömek pullarynyň möçberi 20% ýokarlanar.


Prezident Islam Karimowyň gutlag hatynda 2012-nji ýylyň dowamynda döwlet býujetiniň 60%-niň sosial pudagy ösdürmäge gönükdiriljekdigi we onuň uly böleginiň saglygy saklaýyş, bilim-magaryf, medeniýet pudaklaryny ösdürmäge sarp ediljekdigi aýdylýar. Şeýle-de iş haklarynyň, pensiýalaryň, sosial kömek pulunyň we stipendiýalaryň möçberiniň 20%, ilatyň real girdejileriniň bolsa 22-24 % ýokarlandyryljakdygy barada aýdylýar.

Özbegistanda 2011-nji ýylda hem birnäçe gezek aýlyklar köpeldilipdi. Şol bir wagtyň özünde transport we kommunal hyzmatlardaky tölegler, azyk önümleriniň we geýim-gejimleriň bahasy ýokarlanypdy.

Özbegistanyň resmi habar agentliginiň maglumatyna görä, 2012-nji ýylyň dowamynda Özbegistandaky oba ýerlerinde we şäherlerde saýlama kottejleriň, ýagny jaýlaryň gurluşygy üznüksiz dowam etdiriler.

2011-nji ýylda Daşkentde, Andijanda, Ürgençde we beýleki şäherlerde adamlaryň ýaşap oturan jaýlary ýykylyp, olaryň ýerinde her biriniň gurluşygy ortaça 60-70 million sum, ýagny 30 müň amerikan dollaryndan gowraga durýan ýaşaýyş jaýlary guruldy. Azatlygyň Erkin mikrofonyna jaň eden we hat ýazan diňleýjiler etrap merkezleriniň merkezi köçelerinde gurlan jaýlaryndan aýrylan adamlaryň uly maddy zyýan çekendiklerini aýdýarlar. Prezidentiň sözlerinden çen tutulsa, bu proses täze ýylda hem dowam eder we jaýy ýykylýanlaryň sany artar.

Prezidentiň gutlag hatynda: “2011-nji ýylda 7 müň 400 sany maşgala umumy meýdany 1 million 100 müň kwadrat metre deň, döwrebap şertleri bolan jaýa eýe bolan bolsa, 2012-nji ýylda 8 müň 510 sany maşgala şäheriň şertlerinden kem bolmadyk şeýle jaýlara göçüp barar” diýilýär.

Şeýle-de prezident ýurduň ykdysady görkezijileriniň halkara guramalar tarapyndan hem tassyklanandygyny aýratyn belläp geçdi. Hakykatdanam, 2011-nji ýylyň dowamynda dünýä banky, Halkara pul gaznasy ýaly guramalaryň beren hasabatynda Özbegistan dünýä ykdysady krizisinden iň az zyýan bilen baş alyp çykan döwletleriň biri diýlip bellenilýär.

Emma ýerli adam hukuklaryny goraýjylar we Azatlygyň Erkin mikorfonyna öz pikirini aýdýan özbegistanly ýaşaýjylar ýurtda ilatyň ýaşaýyş şertleriniň barha ýaramazlaşýandygyny, ilatyň esasan işsizlikden kösenýändigini, gazyň we elektrik energiýasynyň ýoklugyndan kösenýändiklerini, aýlyk-günlügiň 10-20 prosent galdyrylany bilen kommunal tölegleriň we azyk önümleriniň bahasynyň yzygiderli ýokarlanýanlygyny habar berip, mundan nägilelik bildirýärler. Olaryň arasynda: “Goý, aýlygymyzy-da galdyrmasynlar, bahalary-da!” diýýänleri-de az däl.
XS
SM
MD
LG