Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Müsürde Mubaregiň sud diňlenişigi dowam etdirildi


Kairde Müsüriň ozalky lideri Hosni Mubaregiň üstünden geçirilýän sud diňlenişigi duşenbe güni dowam etdi. Mubarek suduň binasyna keselhana ulagynda getirildi.

Mubarek fewral aýynda ýüz beren baş götermeleriň dowamynda 850 töweregi protestçiniň öldürilmegine dahylly bolmakda aýyplanýar. Şol tolgunyşyklaryň netijesinde ol häkimiýetden çetleşdirilipdi.

83 ýaşly Hosni Mubarek ýürek näsazlyklary sebäpli harby hassahanada tussaglykda saklanypdy. Onuň üstünden sud diňlenişigi 3-nji awgustda başlanypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG