Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda humarhanalar ýapylmaly edildi


Käbir ekspertler humarhanalary ýapmak bilen döwletiň uly girdejiden el üzjekdigini belleýärler.
Käbir ekspertler humarhanalary ýapmak bilen döwletiň uly girdejiden el üzjekdigini belleýärler.
Gyrgyzystanda 1-nji ýanwardan başlap kazinolary, ýagny humarhanalary we oýun awtomatlaryny ýapmaly diýlen karara gelnen bolsa-da, olaryň käbirleriniň henizem işleýändigi aýdylýar.

Humarhanalardaky oýunlardan jebir çeken, emma efirde adynyň tutulmagyny islemedik oşly bir zenan Oş şäherinde humarhanalaryň işleýändigini aýtdy:

—Oşda käbir humarhanalar ýapylypdyr. Käbirleri öňküsi ýaly işläp dur. Men işläp duran kazino barsam, “Sen näme patriotmy? Näme üçin bu ýere geldiň?” diýdiler. Olaryň sözünden geljek hepdede Bişkege baryp, humarhanany ýapmazlyk barada gepleşjekdiklerine düşündim.

Bişkek şäheriniň ýaşaýjysy Aýnura Haýdaralyýewa hem 3-nji ýanwarda, ýagny şu gün şäherdäki humarhanalary aýlanyp çykypdyr:

—Men häzir Kirow köçesindäki iň uly “Milana” atly humarhana bardym. Olar bize wagt beriň biz apparatlarymyzy ýygnamaly diýdiler. Soňra men “Rio” atly kazino girdim. Ol kazino däl-de, oýun zaly eken. Olar öňki režimde işleýärler. Olar maňa telefon nomeriňi ber diýip, gorkuzjak boldular. Eger-de oýun zalyny ýapmasalar, biz, ene-atalar, birigip çäre görmeli bolarys.
Humarhanalary ýapmagy talap edýänler onuň onlarça adamyň maşgalasynyň bozulmagyna getirendigini esasy sebäp hökmünde görkezýärler. Maglumatlara görä, Gyrgyzystanda 25 sany humarhana we 30-dan gowrak oýun awtomatlary goýlan kafeler bar.

Birinji ýanwardan daşary ýurtlardan gelen harytlaryň bazaryna gözegçilik edýän gullugyň humarhanalaryň we oýun awtomatlarynyň lisenziýalaryny yzyna alýandygy habar berildi. Emma humarhanalaryň başlyklary hökümeti suda bermäge synanyşýarlar. Bişkekdäki oýun biznesi bileleşiginiň ýuristi Elýar Mamytowyň sözlerine görä, humarhanalary ýapmak köp kanunlara, şol sanda Baş kanuna hem garşy gelýär.

Jedelli karar

Agzalýan bileleşigiň başga bir wekili Myrza Nyýazow humarhanalary ýapmagyň howlukmaç kabul edilen karardygyny belledi:

—Maksat ykdysady bahbitde bolsa, işi ykdysady kanunlara görä ýöretmeli. Ykdysady ryçaglar we metodlar bolmaly. Bu karar syýasy karar. Syýasy karar hiç wagt gowulyga getirmändi. Iki tarapyň hem pikirini öz içine alýan syýasy çözgüde gelmek mümkinçiligi bar. Humarhana – bu biznesiň bir bölegi bolany sebapli ol diňe daşary ýurt graždanlary we baý adamlar üçin işleýär. Çem gelen adamy oňa goýbermeli däl.

“Oýun biznesi” bileleşiginiň wekilleri 1-nji ýanwardan ähli humarhanalaryň ýapylandygyny aýdýarlar. Emma käbir ekspertler humarhanalary ýapmak bilen döwletiň uly girdejiden el üzjekdigini belleýärler.

Geçen ýyl 29-njy sentýabrda Ýokary Geňeşde humarhanalaryň we oýun awtomatlarynyň işine gadagançylyk girizýän karar kabul edilipdi. Karar parlamentde maslahat edilen wagtynda humarhanalaryň işgärleri parlamentiň binasynyň öňünde närazylyk aksiýasyny geçirdiler. Aksiýa gatnaşanlaryň biri Asel Ilaýewa şeýle diýýär:

—Biz bu ýere özümiziň iş orunlarymyzy goramak üçin geldik. Hökümet 15 müň adamy iş orny bilen üpjün etsin. Şeýle-de bize 15-20 müň somluk aýlyk tölesin. Şu ýere gelen her bir adam bäş adamy ekläp-saklaýar.

Humarly oýunlara öz erkini aldyrýan gyrgyzystanlylaryň garyndaşlary bu ýagdaýa çydaman, ýurduň hökümetine we parlamentine birnäçe gezek arz edipdirler we humarhanalary ýapmaklaryny talap edipdirler. Humarhanalary ýapmak baradaky kanuny parlament biragyzdan goldady. Ýurduň prezidenti hem bu kanuna gol goýdy. Emma şol wagt döwleti dolandyran Roza Otunbaýewa humarhanalary ýapmak bilen bu problemany çözüp bolmajakdygyny hem aýdypdy.
XS
SM
MD
LG