Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” Katarda “syýasy wekilhana” açmagyň ugrunda


Owganystanda "Talyban" söweşijileri ýaragsyzlandyrylýar, 2011-nji ýylyň 21-nji dekabry.
Owganystanda "Talyban" söweşijileri ýaragsyzlandyrylýar, 2011-nji ýylyň 21-nji dekabry.
Sişenbe güni Owganystanyň “Talyban” hereketi Kataryň häkimiýetleri bilen bu ýurtda “syýasy wekilhana” açmak barada deslapky ylalaşyga gelendiklerini habar berdi. “Talyban” daşary ýurtda öz wekilhanasyny açmak bilen öňde goýýan esasy maksadynyň Owganystanda parahatçylygy dikeltmek üçin halkara jemgyýetçiligi, aýratyn-da ABŞ bilen gepleşiklere başlamakdygyny aýdýar.

“Talybanyň” žurnalistler üçin puştun dilinde ýaýradan beýanatynda: “Häzir biz halkara jemgyýetçiligi bilen gepleşikler geçirmek üçin Owganystanyň daşynda syýasy wekilhanamyzy açmaga taýýar. Biz bu barada Katar we beýleki taraplar bilen ylalaşdyk” diýilýär. Emma onda “Talybanyň” wekilhanasynyň haçan açyljakdygy ýa-da olaryň Owganystanyň hökümeti bilen gepleşiklere taýýardygy barada hiç zat aýdylmaýar.

Waşingtonda Amerikanyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Wiktoriýa Nuland şeýle ylalaşyga gelnendigini tassyklamady. Ýöne Nuland Birleşen Ştatlaryň bu ugurda “rol oýnamaga” taýýardygyny aýtdy.

Garaýyşlar

Owganystanyň Parahatçylyk boýunça Ýokary geňeşiniň daşarky gatnaşyklar departamentiniň başlygy Ysmaýyl Kasymýar şeýle karara gelinmegine gowy baha berdi. Onuň sözlerine görä, “talyplaryň Katarda wekilhanasyny açmagy barada başga garaýyş ýok. Bu olaryň belli adresi bolar we bu olar bilen gepleşikleriň netijeli bolmagyna kömek eder”.

Owgan analitigi Wahid Moždahyň pikiriçe, bu gowy ädim. “Talybanyň” öňki diplomaty Moždahyň sözlerine görä, birnäçe “Talyban” resmisi, şol sanda öňki daşary işler ministriniň orunbasary Şir Muhammet Stanekzaý, molla Omaryň möhüm syýasy geňeşçisi Taýýab Aga dagy eýýäm Katara barypdyrlar. Ol “Talybanyň” adresiniň bolmazlygynyň şu wagta çenli möhüm problemalaryň biri bolandygyny aýdýar we “Talybanyň” wekilhanasynyň açylmagynyň olar bilen ýaraşyk gepleşiklerine başlamaga kömek etjekdigine ynanýar.

Antoni Kordesman düýbi Waşingtonda ýerleşýän Strategiki we halkara meseleler merkeziniň analitigi:

—Häzir Amerika 2014-nji ýylda Owganystandan çykjakdygyny aýdýar. “Talyban” bolsa Birleşen Ştatlaryň Owganystandan çykmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Elbetde, Amerika bähbitli şertler esasynda gepleşikler geçirmek üçin örän az sebäp bar. Çünki “Talyban” Pakistanda ýagdaýlaryň ýaramazlaşýandygyny we özleriniň bu ýurtdaky gaçybatalgalaryna örän az howp abanýandygyny görýär.

Kabulyň pozisiýasy

“Talybanyň” Katarda öz wekilhanasyny açmagy göz öňünde tutýandygy barada maglumatlar ýaýrandan soň, geçen aý Kabul bu ýurtdaky ilçisini maslahat üçin yzyna çagyrdy. Şondan bäri prezident Hamid Karzaý şeýle plany özüniň kabul etmeginiň mümkindigini ýaňzytdy.

Sişenbe güni Karzaýyň metbugat wekili Hamid Elminiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, mundan öň owgan hökümeti 10 maddadan ybarat programmany taýýarlapdyr. Eger “Talyban” Katarda öz wekilhanasyny açmak islese, Kabul oňa garşy däl:

—Biz “Talybanyň” edarasynyň Saud Arabystanynda ýa-da Türkiýede açylmagyny isleýäris. Emma, eger “Talyban” we amerikanlar ony başga bir yslam döwletinde açmaga ylalaşan bolsalar, biz olar bilen hyzmatdaşlyk ederis.

Hamid Karzaýyň metbugat wekliliniň tassyklamagyna görä, “Hizbe yslamy” partiýasyna ýolbaşçylyk edýän Gulbeddin Hikmetýaryň delegasiýasy Kabulda prezident Karzaý we daşary ýurtly diplomatlar bilen duşuşypdyr. Olar bu toparyň gepleşik prosesine gatnaşmagy barada maslahat edipdirler.
XS
SM
MD
LG