Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewrobileleşik Eýranyň nebitine embargo girizmekçi


Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň Eýranyň nebit eksportyna embargo girizjekdigine ABŞ ýokary baha berip, ony “örän gowy habar” diýip atlandyrdy.

Amerikanyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Wiktoriýa Nulandyň sözlerine görä, Waşington şeýle çözgüde diňe Birleşen Ştatlaryň ýaranlarynyň we partnýorlanyň däl-de, beýleki döwletleriň hem gelmeklerini isleýär.

Çarşenbe güni Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň hökümetleri Eýranyň nebitiniň eksportyna embargo girizmek boýunca deslapky ylalaşyga geldiler.

Fransiýanyň daşary işler ministri Alen Žüpeniň sözlerine görä, bu barada gurama agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň 30-njy ýanwarda Brýusselde geçjek duşuşygynda karar kabul edilmegi mümkin.

2010-njy ýylda Ýewropa Bileleşigine agza döwletlere import edilen nebitiň 6 prosent çemesi Eýranyňkydy.

Tährana garşy gadaganlyklaryň güýçlendirilmegi onuň ýadro programmasy bilen bagly.

ABŞ we onuň ýaranlary Eýrana ýadro ýaragyny edinmäge synanyşýanlykda şübhe bildirýärler. Eýran bu aýyplamany inkär edýär.
XS
SM
MD
LG